«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň başlanjak günleri barha ýakynlaşýar. Ata Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belende galmagyna täsirini ýetirjek, Türkmenistan döwletimiziň durnukly ösýän ýurtlar bilen bir hatarda tanalýandygyny nobatdaky gezek dünýä ýaýjak bu ykdysady çäräniň we onuň çäklerindäki halkara möçberli sergileriň ýokary derejede geçiriljekdigini ynam bilen aýdyp bileris.
Türkmenistan Watanymyzyň pajarlap ösýän ýurtlaryň biridigini, diňe bir yklymda däl, eýsem, bütin dünýäde hem durnukly ösüşleri bilen tanalýandygyny soňky ýyllaryň ykdysady görkezijileriniň mysalyndan hem görmek bolýar. Awazada guraljak birinji Hazar ykdysady forumyna dünýäniň ýakyn-u alys döwletleriniň wekilleriniň gatnaşjakdygy we halkara möçberli çäräniň hemmeleriň üns merkezindedigi bu aýdylanlary doly tassyklaýar.
Bilelikdäki maýa goýum we ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek, sanly ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini maslahatlaşmak, degişli ulgamlarda özara tejribe alyşmagy ýola goýmak, Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda Hazar deňziniň türkmen kenarynda guraljak forum diýseň uly ähmiýete eýe bolar.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisine, «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisine diňe bir sebitiň däl, eýsem, uzak we ýakyn ýurtlaryň işewürleri gatnaşyp, özleriniň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny görkezerler.
Bu sergilere dürli yklymlara wekilçilik edýän dostlukly döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmaklaryna we olaryň sergilerde özleriniň innowasiýa tehnologiýalaryny, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny, ulag serişdelerini, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny hödürlemeklerine garaşylýandygyny bellemek gerek.
Halkara sergileriň pawilýonlarynda tanyşdyrylyş zolaklaryny ýerleşdirmek meýilleşdirilip, ol ýerde türkmen tarapynyň wekilleri we daşary ýurtly myhmanlar tanyşdyrma dabaralaryny ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi serginiň oňa gatnaşjak ýurtlar üçin ähmiýetli bolmagyny gazanmaga we netijeli işlemäge şert döreder.
Türkmen tarapynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda möhüm halkara forumlary, maslahatlary we beýleki köp sanly iri göwrümli çäreleri geçirmekde ýeterlik tejribe toplandygyny aýtmak gerek. Öňdäki möhüm ykdysady çärede, ýagny birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda hem bu tejribäniň onuň ýokary derejede geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Türkmenistanyň bu günki gün iri möçberli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýurduna öwrülmegi bilen eziz Diýarymyzda guralýan tutumly çärelere dünýä döwletleri uly gyzyklanma bilen syn edýärler we olara höwes bilen gatnaşmaga isleg bildirýärler. Bu aýdylýanlaryň birinji Hazar ykdysady forumy babatda hem şeýledigini buýsanç bilen aýtmak bolar.
Meretgül TAGANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
“Nesil” gazeti,
30.07.2019ý.