Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüşi bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biride Hazar deňzi sebitidir. Hazar deňziniň kenarlaryny, şol sanda Türkmenbaşy şäherini syýahat, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri deňziň esasy baýlyklarydyr. Hazar deňziniň, hususan-da, onuň ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, köplenç, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna baglydyr. Häzirki wagtda halkara ylalaşyklarynda we şertnamalarynda göz öňünde tutulan ekologiýa meselelerine barha uly üns berilýär. Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekildi. Bu Konwensiýa Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda tassyklanan badyna güýje girdi. BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň başlangyjy esasynda şol gün Hazaryň halkara güni diýlip resmi taýdan yglan edildi. Şondan bäri bu sene Hazarýaka ýurtlarynyň ählisi tarapyndan bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Sebitiň çäklerinden çykýan möhüm meseleleriň biri-de Hazar deňziniň ekologiýasy bilen baglanyşykly meseledir. Hazar deňzi täsin tebigy toplum bolmak bilen, bütin adamzadyň gymmatlygydyr we şoňa görä-de, halkara bileleşiginiň aýratyn üns bermegini talap edýär. Şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň sebiti ýangyç serişdelerini çykarmak we ugratmak babatda dünýäniň iri merkezleriniň birine öwrülýär. Biziň umumy wezipämiz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürlüligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr» diýip belleýär. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hemde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzda kabul edilen kanunçylyk namalarynyň arasynda adamyň arassa, sagdyn tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Kanunlara möhüm orun berilýär. Şeýle Kanunlaryň hatarynda Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, şeýle hem «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bellemek bolar. Ekologiýa babatda Kanunlaryň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň tebigaty goramak baradaky strategiýasynyň üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan Watanymyzyň şöhratyna şan goşjak ýene bir dabaranyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. 12-nji awgustda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ekologiki meseleleri çözmek, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesiniň orny hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu forum deňiz gurşawynyň ekologiýa howpsuzlygynyň ählumumy kadalaşdyrylmagyny, Hazaryň köpugurly kuwwatyny netijeli peýdalanmakda ylalaşyklaryň gazanylmagyny hem-de hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemegini ugur ediner. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek forumyň gün tertibine giriziljek meseleleriň sanawynda ekologiýa meselesine aýratyn orun degişli bolar. Hazar deňziniň türkmen kenary diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl, ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr. Howasy jana şypaly, arassa çägeli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hereket edýän şypahanalar, melhemli çaýhanalar, medeni maksatly binalar her bir ynsanyň manyly dynç almagyna hyzmat edýär. Mahlasy, Hazaryň şypahana kenary ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň nusgasy bolup, köpçüligiň höwes bilen dynç alýan künjegidir.
Öňdengörüji Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji, 66-njy sessiýalarynda, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» atly halkara maslahatynda ekologiýany we daşky gurşawy goramak baradaky öňe süren teklipleriniň uly goldawa eýe bolmagy döwletimiziň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ösen döwletleriň hataryna goşulýandygynyň aýdyň ykrarnamasyna öwrüldi.
Aknur ATAÝEWA, «Nesil».
“Nesil” gazeti,
01.08.2019ý.