GÜNDOGAR EDEBIÝATYNDA ÇAGA TERBIÝESI

HORMATLY PREZIDENTIMIZ TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHYNY GIŇDEN ÖWRENMEK WE NESILLERI WATANÇYLYK RUHUNDA TERBIÝELEMEK BARADA TAÝSYZ TAGALLALARYNY GAÝGYRMAÝAR.

Taryhy çeşmelerde her bir ata-enäniň nesil terbiýesine örän seresaply çemeleşip, çagalaryna asylly gylyk-häsiýetleri öwretmegi barada nygtalýar. Türkmen maşgalasynda ýaş nesilleri watansöýüji, päk ahlakly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, mähir-mylakatly edip ýetişdirmekde däp-dessurlarymyzdan, Gündogaryň ägirtleriniň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden ugur alynýar. Terbiýe işi örän inçe bolup, bu ýolda ene-atanyň her bir hereketi çagalarynyň geljeginiň nurly aýnasydyr. X asyrda Hazar deňziniň günorta kenarynda ýaşap geçen Keý Kowusyň öz ogly Gilanşaha beren öwütlerini we pentlerini özünde jemleýän «Kowusnama» kitabynda şeýle diýilýär: «Perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur». XI asyrda ýaşap geçen türkmen akyldary Abulwepa Horezmi «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde: «Atanyň perzendiň öňündäki borjy, oňa ýagşy at dakmaly, ýetişen çagy öýermeli we oňa edep-terbiýe bermeli. Olara ýazmany, hasaplamany we ýüzmäni öwretmelidirler» diýip belleýär.

Çagalarymyza biziň miras goýup biljek iň gymmatly baýlygymyzyň biri — edep-terbiýe bolsa, beýlekisi hem bilim bilen senet öwretmegimizdir. Rowaýatlara görä, Abu Hüreýre iň ýumşak adamlaryň biri ekeni. Her gün ir bilen öýden çykanda, ilki enesiniň gapysynda durup: «Ene, salawmaleýkim, Hudaýyň berekedi we merhemeti size nesip etsin! Çagakam terbiýeläniň we ulalanymdan soň sylanyň üçin, Alla saňa sylagyň iň haýyrlysyny bersin!» diýer ekeni. Enesi hem: «Maňa eden mähremligiň we ýagşylygyň üçin, seni hem Hudaýyň özi ýalkasyn!» diýýän eken.

Türkmeniň nusgawy şahyry we mugallymy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň ikinji babynda adam ahlagyny terbiýelemegiň inçe syrlary aýan edilip, birek-birege hormat goýmak, ene-atany, dogan-garyndaşy, il-güni sylamak, ussadyň gadyryny bilmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Şahyr ata-enä mähriban bolmaklygy, hormat goýmaklygy, ene-atanyň bir diýenini iki gaýtalatman hyzmat etmekligi her bir perzendiň öňünde mukaddes borç edip goýýar.

Rowaýatlaryň birinde bir atanyň çagasyna berýän pendinde özüniň bolmadyk ýerinde enesini diňlemek, enesinden alan gözel terbiýesiniň kyn gününde perzendini halas etjekdigi barada ýazylypdyr. Goşgynyň ýazary balasyna mertebeli bolmagy we hakykat ýolunda ýöremegi ündeýär. Watanyň, il-günüň asudalygy üçin gerek bolsa, janyny gaýgyrmazlygy maslahat berýär. Bimaza, terbiýesiz ynsanlara duşaýanda hem enesiniň maslahatyndan çykmasa, durmuşda ýalňyşmajakdygyny ündeýär. Şygyrdan özümiz üçin ýerlikli peýdalanyp, balalarymyzyň tirkeşýän dost-ýarlaryny synlap, hereketlerinden many almagy başaryp, olara dost saýlamakda ýuwaşlyk bilen peýdaly maslahatlarymyz bilen ýardam bermegimiz gerek. Perzentlerimize ýagşy nesihatymyzy gaýgyrmasak, daragtymyzyň miwesi datly bolar.

Perzentlerimize bilim bermek meselesine jogapkärçilikli garap, mugallym bilen çaganyň arasyndaky arabaglanyşygy ýola goýmagy başarmak hem ilkinji wajyplyklaryň biridir.

Mälik şanyň köşgünde ýigrimi ýyllap işlän we Gündogarda täze pikir öwrülişigini esaslandyran beýik alym, ymam Muhammet Gazaly özüniň «Ylym barada kitap» atly eserinde şeýle diýýär: «Mugallymçylyk käriniň inçe hususyýetleriniň biri-de talyby ýaramaz ahlaklaryň täsirine düşmekden saklamagydyr. Mugallym bu wezipäni gödeklik bilen dälde, eýsem, mylaýymlyk bilen berjaý etmelidir. Çünki gödeklik bilen hereket etmek haýa perdesini ýyrtýar, talypda mugallyma gaýtawul bermek duýgusyny döredýär, hötjetlik oýarýar».

Terbiýe, ylym-bilim meselesinde ene-atanyň, mugallymlaryň öňünde örän uly wezipeler durýar. Mugallym bilen okuwçynyň arasynda berk bir bag bolup, ol okuwçynyň mugallyma bolan hormat-sylagy, mugallymyň bolsa sapak geçende okuwça jany-teni bilen mowzugy düşündirmäge bolan ymtylyşy bilen baglydyr. Çünki okuwçyda mugallymyny görende, özüniň ähli sowallaryna jogap alyp biljekdigine ynamy bolmaly. Talyp bilen mugallymyň arasyndaky özara düşünişmek berkände, ynam hem ylym datly miwesini berer we talybyň halypasyna bolan hormat-sylagy berkär. XIII asyrda Anadolyda oguz türkmenleriniň gepleşik hem ýazuw dilini hakyky manysynda esaslandyran Ýunus Emräniň «Diwanynda» şeýle bellenilýär:

Ylym okamak, bilmek,

kend-özüňi bilmekdir,

Kend-özüňi bilmeseň,

bir haýwandan betersiň...

«Haýsy çagaňy has gowy görýäň?» diýip, birinden soranlarynda, ol: «Ulalýança körpämi, gutulýança syrkaw çagamy, gaýdyp gelýänçä gaýyp (bir ýere giden) çagamy has gowy görýärin» diýipdir. Hawa, ene-ata üçin ähli çagasy hem ezizdir we mähribandyr.

Mähriban ene-atalar, pederlerimiziň her bir dana sözlerini durmuşymyza şamçyrag, gursagymyza nagyş edip, nusgalyk ata-ene bolmak tapylgysyz bagtdyr.

Maýagözel SAPARMUHAMMEDOWA,

Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekilleriniň bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.

“Nesil” gazeti,

03.08.2019ý.

 

Meňzeş habarlar