Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem halkara derejesindäki maslahatlaryň, syýasy we ykdysady forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde meşhurlyga eýe bolýar. Ýene-de sanlyja günlerden geçiriljek Hazar ykdysady forumy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sport ýaryşy bolsun, halkara maslahat bolsun, tapawudy ýok, islendik giň möçberli çäräni ýokary guramaçylykly geçirmekde meýletinçileriň tagallasy we kömegi zerur bolup durýar. Şoňa görä-de olar bu möhüm ähmiýetli çäreleriň guramaçylykly geçmegine ýakyndan ýardam berip, özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
Ýurdumyzda meýletinçilik işiniň çawy dünýä dolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen giň gerim aldy diýsek hakykatdan daş düşmeris. Ildeşlerimiziň müňlerçesi, esasan hem, ýaşlar oýunlaryň üstünliklere beslenmegi ugrunda uly tagalla etdiler. Olar ýurdumyza gelen myhmanlary Halkara howa menzilinde güler ýüz bilen garşylamakdan başlap, olary ulag bilen üpjün etmekde, myhmanhanalara ýerleşdirmekde ýardam berdiler. Şeýle-de sport ýaryşlarynyň geçýän ýerlerinde, iri söwda merkezlerinde hyzmat etdiler. Hormatly Prezidentimiz islendik ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, bir bitewi hukuk giňişligini döretmäge uly ähmiýet berýär. 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen meýletinçileriň işiniň hukuk esaslary kesgitlenildi. Bu Kanun meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini we görnüşlerini, maksatlaryny we wezipelerini, bu işi amala aşyrmagyň esasy görnüşlerini we tertibini, şeýle hem meýletinçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini kesgitlemek bilen, 27 maddadan ybaratdyr. Kanunyň 1-nji maddasynda meýletinçilik, meýletinçi ýaly düşünjelere kesgitleme berlip, oňa laýyklykda, meýletinçilik — durmuş taýdan hyzmat etmegiň görnüşi, raýatlaryň (meýletinçileriň) öz başlangyçlary boýunça we muzdsuz işleri netijesinde meýletinçilik kömegini alyjylaryň bähbitlerinde hyzmat etmeklerinde, bilimlerini we başarnyklaryny bermeklerinde ýa-da jemgyýetçilik bähbitli işe gatnaşmaklarynda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemidir.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýletinçileri taýýarlamaklyga hem uly ähmiýet berildi. Meýletinçileriň işiniň üstünliklere beslenmegi üçin, olaryň daşary ýurt dillerini bilmegi möhüm şertleriň biridir. Şoňa görä-de bu jogapkärli işe, esasan, dil bilýän ýaşlar çekilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri ugrunda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Bu ugurdan 2017-nji ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň tassyklan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Orta mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň birnäçesiniň, şol sanda hytaý, ýapon dilleriniň öwredilip başlanmagy, olarda iň döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň hereket etmegi, şeýle-de ýurdumyzyň ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygynyň ugruna seretmezden, daşary ýurt dilleriniň okadylmagy netijesinde türkmen ýaşlarynyň aglaba bölegi azyndan üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde erkin gepläp bilýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň ajaýyp miwesidir.
Birinji Hazar ykdysady forumyna meýletinçileri taýýarlamak boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, bu foruma meýletinçi hökmünde gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň iň zehinlileri we bu ugurdan tejribelileri saýlanyp alyndy. Diňe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan foruma meýletinçileriň 70-si gatnaşar. Golaýda meýilnama esasynda ýörite okuwlar geçirilip, olara Hazarýaka sebitiniň döwletleriniň syýasy-ykdysady ýagdaýy, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň taryhy, birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti, onda ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleler, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr, söwda-ykdysady mümkinçilikleri, maýa goýum işjeňligi, sebitdäki ylmy hyzmatdaşlyk dogrusynda giňişleýin maglumatlar berildi.
Mälim bolşy ýaly, möhüm ähmiýetli foruma daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gelmegine garaşylýar. Olar sebitde ilkinji gezek türkmen topragynda geçirilýän forumy dünýädäki meşhur metbugat neşirlerinde we teleradioýaýlymlarynda beýan ederler. Žurnalistika ugrundan bilim alýan talyplardan düzülen meýletinçileriň birnäçesi daşary ýurtly žurnalistleriň ýanynda öz wezipesini ýerine ýetirerler. Olar myhmanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, gazanylan guwandyryjy üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdyrarlar.
Hazar ykdysady forumynyň üstünliklere beslenip, sebitdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna we ýurdumyzyň täze ösüşlerine itergi berjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Dünýä derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürüp, forumyň geçirilmegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, rowana başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory.
“Nesil” gazeti,
06.08.2019ý.