SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy özgerişliklere, beýik ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça oňyn işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy barada durup geçdi. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň: «Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmek bilen birlikde, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekdir» diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda teleköpri arkaly okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Häzirki wagtda durmuşymyzy kompýutersiz, öýjükli aragatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde Diýarymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşmegi örän uly ähmiýete eýedir. Gubadag etrabynyň orta mekdeplerinde ýörite bilim bölümi tarapyndan sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Elektron maglumat gorunyň üstüni täze maglumatlar bilen ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilip, mekdep meýilnamalarynyň elektron görnüşi döredilýär. Mugallymlara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredilip, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Mähriban Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça-da uly işler ýokary depginde amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron ulgama geçmek bolsa, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini talap edýär. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

Şeýle uly işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli ähli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Çary KAKABAÝEW,

TMÝG-niň Gu­ba­dag et­rap Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.

“Nesil” gazeti,

08.08.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 20 okalan

MAŞGALA DARAGTY

01 Iýul 2025 | 24 okalan

DÜÝELER ÜÇIN HASSAHANA