Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzda toý saçaklary giňden ýazylyp, onuň dabarasy uludan tutulýar. Ol Hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň 71-nji gününde başlaýar hem-de Mekge we Medinä haj zyýaratynyň tamamlanmagy bilen gabat gelýär.
Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny giňden we şatlykly belleýär. Halkymyzyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine gabat gelýän bu ajaýyp baýramçylyk ynsanyýeti hoşniýetlilige we päk ýüreklilige çagyrýar, parahatçylygy, dostlugy dabaralandyrýar. Şol günlerde Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň metjitleri has-da köp adamly bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň milletiň ruhuny galkyndyrmak, türkmenleriň gadymy däplerini dikeltmek baradaky aladalary netijesinde, ýurdumyzda adamlaryň ata-babalarymyzyň däplerine eýerip, mukaddes borçlaryny ýerine ýetirip bilmegi üçin hemme şertler döredilýär. Ine, şu günler watandaşlarymyzyň 160-sy haj zyýaratyny amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda bu ajaýyp baýramçylyga baý medeni çäreler bagyşlanýar, hemme ýerde aýdym-sazlar belentden ýaňlanýar. Däp boýunça bu waka mynasybetli dikilen belent hiňňildikleriň ýanlary köp adamly bolýar. Hiňňildikde uçmak Gurban baýramynyň tapawutly milli aýratynlygydyr. Kökleri asyrlaryň çuňluklaryna gidýän bu ajaýyp dessur türkmenlerde şu güne çenli saklanyp galyp, mukaddes Gurban baýramynyň toýlanýan günlerinde özüniň gaýtalanmajak öwüşginini çaýýar. Hiňňildikleriň töwereginde ýörite aýdym-sazly çykyşlar gurnalýar. Diňe bir belent hiňňildikler, meýdançalar we seýilgähler däl, eýsem, şolara alyp barýan paýtagtymyzyň giň şaýollaryny bezeýän reňkli ýagtylandyryjy çyralar ählumumy baýramçylygyň belent ruhuny aýdyň ýüze çykarýar. Aýratyn-da, agşamaralar ýaňlanýan owazlar bilen utgaşykly owadan öwüşginler bu ýerlere uly akym bilen gelýän adamlaryň ruhuny göterýär. Adamlaryň ýüreklerinde bolsa öz Watanyna, onda dabaralanýan parahatçylyga we abadançylyga bolan buýsanç goşalanýar.
Şol günler adamlar ýakynlaryna, dostlaryna we goňşularyna myhmançylyga barýarlar, sadaka berip, myhman kabul edýärler. Hemmeleriň dilinde: «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýen dilegler ýaňlanýar.
Türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän Gurban baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de barlygyň ruhy esaslary bolan hoşniýetliligiň, päk ýürekliligiň we ynsanperwerligiň nyşany hökmünde dabaralandyrylýar.
Bu baýram günlerinde watandaşlarymyz milletiň gadymy we ruhy-medeni däplerine aýawly garaýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.
Goý, Allatagala berlen gurbanlyklary hem-de okalan aýat-dogalary kabul etsin! Gurbanlygyňyz kabul bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
10.08.2019ý.