AWAZA — ARZUWLARYŇ WYSALY

Awazany bir gezek gören adamyň gaýta-gaýta bu ýerlere dolanasy geler durar. Sebäbi bu ýeriniň tebigaty şeýle: şypaly suwy, janyňa hoştap howasy, ähli amatlyklary bolan myhmanhanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, içi attraksionly seýilgähler — janyň gönençligi, süňňüň sagatlygy üçin zerur bolan ähli zat bar. Hut şonuň üçinem, bir gezek göreninden soňra, bu ýerde dem-dynç almagy, Hazaryň şypaly mawy suwunda ýüzmegi özlerine adat edinen maşgalalaryň sany ýyl geldigiçe artýar. Adam eli bilen bina edilen ajaýyplygy görmek, şeýdibem tebigatyň, gözelligiň we ýaşaýşa bolan söýginiň üsti bilen saglygyňy berkitmek indi her bir ynsana däp boldy. Awaza syýahat etmek, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň arzuwyna öwrüldi.

Döredilýän täze mümkinçilikler bolsa dynç alýanlara hödürlenýän hyzmatlaryň sanynyň hemde hiliniň artmagyna getirýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň beýik wagyzçysy milli Liderimiziň amala aşyrýan her bir beýik tutumynda ruhy we beden sagdynlygyny ählitaraplaýyn üpjün etmek wezipesine uly ähmiýet berilýändigini görmek bolýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Awazada syýahatçylygy ösdürmegiň täze-täze mümkinçilikleri ýo­la go­ýul­dy. Şo­la­ryň bi­ri hem we­losiped sporty bilen baglanyşykly.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Awazada dynç alýanlara dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty ýola goýuldy.

Bu welosipedleriň birnäçe artykmaçlygy bar. Olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Häzirki zaman töleg ulgamynyň ornaşdyrylandygy onuň ýene bir aýratynlygydyr. Bu ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem peýdalanyjylar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berýär. Beketleriň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigini göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz olary «Ekowelosiped bekedi» diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­dip, eko­lo­giýa babatda dünýä nusgalyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze bir hyzmat ilata elýeterli edildi. Häzirki wagtda şeýle beketler «Ýelken», «Watançy», «Merdana» myhmanhanalarynyň ýanynda ýola goýuldy. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Ekowelosiped beketlerinde» hödürlenilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylar we olaryň görnüşleri hem giňeldiler.

Suwuna asmanyň mawy reňki düşýän Hazaryň kenary täze gämi bilen ajaýyp keşbini has-da gözelleşdirdi. Deňizde gezelenç etmegiň zowkuny duýýanlar üçin bu ýokary derejede ýola goýlan mümkinçilik. Säher-saba Awazanyň howasyndan dem almagyň özi derman, jana şypa suwlaryna çümüp-çykmak süňňüňde sökel galdyranok. Bularyň üstesine ak gämilerde deňiz giňişliginde gezelenç etmek dynç alşyň iň täsirli taraplarynyň biri. Mawy deňiz bilen mawy asman aralygynda ak çarlaga meňzäp duran ak gämi. Kenarda biri-birinden owadan, kaşaň, biri beýlekisini gaýtalamaýan gözellikli ajaýyp ymaratlar, myhmanhanalar. Ýakyna-alysa nazar saldygyňça şeýle eşretleriň türkmen halkyna nesip edendigine buýsanýarsyň. Milli Liderimiziň her bir sözüniň we amalynyň hut halkyň bähbidine hem-de bagtly geljegine gönükdirilendigine gaýta-gaýta göz ýetirýärsiň.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenen bu gäminiň ady ýylymyz bilen atdaşdyr. «Rowaç» gämisi geljekden şu günümize gelen täsin bir gäminiň keşbinde. Onuň daşky keşbi, bezeg aýratynlygy göwnüňi ganatlandyrýar. Deňiz syýahaty üçin ähli döwrebap tehniki mümkinçilikler bilen üpjün edilendigini göreniňde, onuň bagtyň ak gämisine meňzeýän deňsiz-taýsyz bir gämidigine doly ynanýarsyň. Milli Liderimiziň ak patasyny alyp, deňze çykan «Rowaç» atly gämä şowly ýüzüşler miýesser eder.

illi Liderimiziň hut özüniň beýik başlangyçlary bilen 2007-nji ýylda düýbi tutulan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy gysga wagtyň dowamynda dünýä jahankeşdeliginiň göwherine öwrüldi. Hatda on iki ýyl mundan ozalam hut şu ýerde şeýle bag-bakjalara basyrnan, seýilgähli täsin merkez emele geler diýseler, her kim göz öňüne getirip bilmezdi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi, berk ynamy we yhlasy bu ýerde erem bagly, behişt sapaly ajaýyp bir merkezi peýda etdi. Bu ýerde ekologiýa berilýän ýokary ünsüň özi Awazanyň bir aýratynlygydyr. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýola goýlan «Ekowelosiped beketleri», giň deňizdäki ýüzüşine ak pata beren «Rowaç» atly gämisi ekologiýanyň dünýä nusgalyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu gün tämiz howaly «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini paý-pyýada, welosipedli, gämili synlap bolýar. Göwnüň haýsysyny küýsese, ine, ähli şert bar. Hazaryň kenarynda dünýä jahankeşdeleriniň nazaryny özünde jemleýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ynsan paýhasy we eli bilen döredilen gudratdyr. Erteki kysmy täsinligi durmuşa geçirip, arzuwlara sygardan has beýik hakykaty hasyl eden Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok.

Rahmet GYLYJOW, «Nesil».

“Nesil” gazeti,

13.08.2019ý.

 

Meňzeş habarlar