Gojaman Hazaryň şypaly kenarynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky netijeliligiň iş ýüzünde amal edilmesi bolar. Munuň özi ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilen ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky ýüze çykmasydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady bilen öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebitde we dünýäde gyzgyn goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban raýatlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda hem oňyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilýändiginiň günübirin şaýady bolýarlar. Munuň şeýledigine ykdysady forumyň mysalyndan hem magat göz ýetirýärsiň. Bu ykdysady forum Hazar deňziniň we onuň ýanaşyk sebitlerinde ykdysady, söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, Hazaryň Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi döretmekde möhüm orun eýeleýän, häzirki zaman ählumumy meýillerine laýyk gelýän iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysady, eksport kuwwatlylygynyň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer. Bu jenneti mekanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepili bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň netijesinde tutuş sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen iri taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda hem möhüm syýasy-ykdysady binýady emele getirer.
Bu foruma Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ýaly pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak bilen bagly meselelerdir ugurlaryň girizilmegi sebitde iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen parahatçylykly, ynsanperwerlik diplomatiýasynyň esasy ugurlaryndan habar berýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly kepili bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde tebigy gazy ýokary tehnologiýa taýdan gaýtadan işlemekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplar bilen duşuşyklaryň guralmagy we olar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gepleşikleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň elektroenergetika düzüminiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylmagy, sebitiň ýurtlary üçin ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmäge, ýurtlaryň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etdi. Aýratyn-da, eksport ugurly önümleriň mukdarynyň artmagy bilen, Türkmenistanyň we tutuş Hazar sebitiniň öňünde ulag-logistika düzümini ösdürmek bilen bagly meseleleriň halkara ülňülerine laýyklykda pugtalandyrylmagynyň hukuk esaslary berkidildi. Şeýlelikde, şowly geçen ykdysady forum ähli babatda, aýratyn-da, Hazarda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde we halkara ugurly gatnaşyklary ösdürmekde deňziň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynyň möhüm syýasy-ykdysady ugurlaryny-da pugtalandyrar. Ýeri gelende aýtsak, Hazar deňzinde we onuň ýanaşyk sebitlerinde ykdysady, söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmekde ulag-logistika ulgamyndaky halkara we sebitara gatnaşyklary ösdürmeklik sebitiň geografiki taýdan amatly, möhüm ýerde ýerleşýändigi, onuň geosyýasy ýagdaýy eýeleýändigi hemde gadymy taryhy gymmatlyklary, köpöwüşginli medeniýeti, tebigy mümkinçilikleri bilen düşündirilip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düzümleýin taslamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan täze Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi hökmündäki orny hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Beýik Ýüpek ýoly bu günki günde parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ýaňçysy bolup, deňiz, derýa, demir, awtomobil we howa ýollarynyň üsti bilen gaýtadan dikeldilýär. Şonuň çäklerinde gurlup, ulanylmaga berlen, Türkmenbaşy şäherinde köp sanly ýöriteleşdirilen terminallary bolan Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň birnäçe esse artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Tutuş Ýewraziýa üçin düzüme maýa goýumy çekmäge, Hazarýaka ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Günbatar Türkmenistanyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan gadymy hem müdimi syýasy-ykdysady, ruhy-medeni hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary, gözel türkmen tebigatynyň hem-de gojaman Hazaryň gujagyna täzeden dolanyp, halk bilen bilelikde gaýtadan beýik galkynyşy başdan geçirýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap aýgytly gadam urýar. Munuň özi-de Gahryman Arkadagymyzyň uzaklary nazarlaýan öňdengörüjilikli pähim-parasadyndan habar berip, bu ulgamdaky durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleriň düýp özeni-de türkmenistanlylaryň ýagty ertirine gönükdirilen beýik işleriň aýdyň görkezijisidir. Döwletli döwrany, ajaýyp zamanany peşgeş beren milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer döwlet syýasatynyň aýdyň dabaralanmasydyr.
Atageldi MUSAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
17.08.2019ý.