KÖRPEJELERIMIZIŇ BAGTYÝARLYGY – WATANYMYZYŇ KUWWATY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň we TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik Gyzylarbat etrabynyň 27-nji çagalar bakja-bagynda geçirilip, oňa etrabyň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejeler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde, körpejeler özlerini çeper sözlerdir goşgular bilen tanyşdyrdylar. Soňra bolsa çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejelerimiz, özleriniň Garaşsyzlygymyzy, bagtly çagalygy, dost-doganlygy we watançylyk duýgusyna ýugrulan aýdymlarydyr tanslary bilen sahnada şadyýan çykyş edip, emin-agzalarda ýaş nesillerimize bolan buýsanç duýgusyny has-da galkyndyrdy.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni Zeýnep Tuwakowa çykyş edip, körpejeleri üstünlikli terbiýeläp, sahnada şeýle çykyşlar etmeklerini gazananlygy üçin, terbiýeçi mugallymlara minnetdarlygyny bildirdi. Soňra bolsa, ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary, TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň adyndan höweslendiriji sowgatlar hem-de Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Türkmen halkymyza şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, parahat, asuda durmuşda ýaş nesillerimiziň okap bilim almaklary üçin bimöçber aladalary gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülruh NAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar