DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABYDYR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabyň çagalar baglarynda zähmet çekýän mugallymlaryň arasynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, özleşdirmek daşary ýurt dillerine ussat mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen «Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talabydyr» ady bilen Gyzylarbat etrabyň 27-nji çagalar bakja-bagynda bäsleşik geçirildi.

Onuň dowamynda mugallymlar rus dili hem-de iňlis dilleri boýunça çagalar bagyna gatnaýan körpejeleriň arasynda sapak geçdiler. Sapagyň dowamynda körpejeleriň uly höwes bilen sapakda çykyş etmekleri hem-de olaryň daşary ýurt dillerine höwesli garamagy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, döwür bilen aýakdaş ýetişýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de mugallymlar öz sergileri boýunça hem çykyş edip bäsleşigi has-da gyzgalaňly ýagdaýa getirdiler. Bäsleşigiň jemi boýunça eminler toparynyň başlygy Zeýnepgül Tuwakowa çykyş edip, onuň ýeňijilere mundan beýläk-de üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Nury NURYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar