Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň bu sözleri sanly ulgama geçmegiň özboluşly ähmiýetini ýene bir ýola subut edýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerine doly eýe bolmak üçin ählitaraplaýyn taýýarlykly hünärmenler zerur bolup durýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sanly bilim ulgamyna doly geçmek milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýan innowasiýalaryň geriminiň has giňemegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki geljekde ýurdumyzy syýasy-ykdysady, medeni, saglygy goraýyş, bilim we beýleki pudaklar babatda ösüşlere alyp gitjek ýaş hünärmenlerimiziň dünýäniň tehnologiki ösüşleriniň iň täze gazananlaryndan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi möhümdir. Bu günki gün ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ornaşdyrylmagy bolsa şu maksat bilen baglydyr.
Sanly ulgama geçmek bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ýörite hyzmatlar ulgamlary hem döredildi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, raýatlar islendik harytlaryny we medeni-durmuş hyzmatlary üçin mobil tölegi sanly tehnologiýalar arkaly, ykjam telefonlaryň üsti bilen amala aşyryp bilýärler. Demir ýollary we howa arkaly gatnawlary bökdençsiz amala aşyrmak maksady bilen döredilen «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň resmi web-saýtlarynyň üsti bilen biletleri satyn almak mümkinçiligi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşýändigini görkezýär. Bank ulgamlarynda sanly ulgamyň döredilmegi bilen karz edaralarynyň işleri has-da kämilleşýär. Müşderilere ýokary hilli bank amallary we hyzmatlary hödürlenilýär. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bu bolsa raýatlarymyzyň, telekeçileriň internet saýtlary arkaly dürli harytlary ujypsyzja wagtyň içinde satyn almak we satmak mümkinçiligini giňeldýär. Sanly ykdysadyýetde bolsa esasy maksat tizlik, amatlylyk we tygşytlylyk bolup, internet bilen, ýagny sanly ulgam bilen baglanyşykly bolmagydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli halk bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasaty netijesinde, dogry saýlanyp alnan bu özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edip, onuň uzak möhletleýin geljegi üçin abadançylygyny berkidýär. Ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Öz halkyny abadançylygyň hem bagtyýarlygyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
10.09.2019ý.