ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ BEÝIK GELJEGI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň juda jaýdar nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň egsilmez kuwwaty, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz hakyndaky alada geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanyşykly hem-de asylly maýa goýumdyr. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, hünär edinmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ykbal özgerdiji baş taglymatyna berk eýermek arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, olara innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete geçmekde ýetilýän sepgitleriň ýaş nesillerimiziň iş orunlary bilen üpjünçiliginde wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda diňe Diýarymyzyň günbatar sebitinde durmuşa geçirilen asyrlyk taslamalaryň özem buýsançly söhbetlere esasdyr. Bilşimiz ýaly, soňky birki ýylyň dowamynda sebitde Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanlydaky polimer zawody ulanylmaga berildi. Bu iri möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bagtyýar raýatlarymyz, aýratyn-da ýaş nesillerimiz üçin täze iş orunlarynyň müňlerçesi döre­dil­di. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden üstünlikli durmuşa geçirilip başlanan «Türkmenistanyň Prezidenti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» bolsa şunuň ýaly möhüm ähmiýetli önümçilik desgalarynyň hatarynyň ýylsaýyn artjakdygynyň kepilidir.

Sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek babatdaky giň gerimli tutumlaryň özeninde hem nurana ykbalyň eýeleri bolan ýaşlaryň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň aladasy durýar. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýete geçmegiň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyň, okgunly ösüşiň, kämil jemgyýetiň mizemez binýady bolup durýandygy mälimdir. Hormatly Prezidentimiz sanly bilim ulgamyna we sanly ykdysadyýete geçmegiň dünýäniň bäsleşige ukyply döwletleriniň hataryna çykmagyň baş şertleriniň biridigini nygtaýar. Diýmek, berkarar Diýarymyzyň bu babatdaky mynasyp ornuny pugtalandyrmak üçin jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alym­la­ry, in­že­ner­le­ri, teh­no­loglary hem-de hünärmenleri taýýarlamak döwrüň öňde goýýan wajyp wezipeleridir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda eden taryhy çykyşynda hem aýratyn nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda geçirilen bu halkara derejeli ykdysady forumyň ýaş nesillerimiziň innowasion özgertmelerde işjeň orny eýelemekleri üçin täze mümkinçilikleriň berk binýadyny döredendigi has-da guwandyryjydyr. Şu hakykatlara salgylanyp, Gahryman Arkadagymyzyň berkarar Diýarymyzyň röwşen geljegini ýaşlarymyzyň bagtyýarlygynda, abadan, eşretli durmuşynda görýändigi buýsançly ýagdaýdyr.

Ruhubelentlikde, şatlyk-şowhunda garşylanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, onuň gazananlaryny baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyryp, syýasy durnuklylygyny, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny berkitmek, zähmetsöýer, agzybir türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylýan oýlanyşykly başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz biz — ýaş­la­ra aýratyn uly ynam bildirýär.

Şonuň üçinem berkarar Watanymyzyň ýaş raýatlarynyň perzentlik borçlaryna abraý bilen hötde gelmekde sagdyn durmuş ýörelgelerine hemişe gyşarnyksyz eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlasly, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýandygyny aýratyn nygtaýar.

Bildirilýän şeýle beýik ynamy ödemek, oňa mynasyp jogap bermek bagtyýar ýaşlarymyzyň hemişelik baş maksadydyr, gündelik durmuşlarynyň mizemez ýörelgesidir. Bu buýsançly hakykat ýaşlarymyzyň netijeli ylym-bilim almakdaky, hünär edinmekdäki, döredijilikli zähmet çekmekdäki, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerip, sportuň dürli görnüşleri boýunça täze belentliklere çykmakdaky tagallalarynda mynasyp beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanylan hem-de uzak geljege gönükdirilen Döwlet maksatnamalarymyzyň rowana ak ýollarda üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan mynasyp goşantlaryny hem munuň buýsançly subutnamasy hökmünde aýtmak bolar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň VI gurultaýynyň bosagasynda şunuň ýaly buýsançly durmuş hakykatlary dogrusynda söhbet etmek has-da ýakymlydyr. Nobatdaky gurultaýyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana ykbalynyň bezegine, mazmunyna öwrülen şeýle döwletli tutumlara täzeçe itergi berjekdigi bolsa bu möhüm çäräniň taryhy ähmiýetini artdyrar. Biz — ýaş­lara döw­re­bap bi­lim al­ma­ga, ylym öwrenmäge, göwün söýen hünärlerimiziň eýeleri bolmaga, öndürijilikli, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz çäksizdir! Ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

10.09.2019ý.

Meňzeş habarlar