GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Golaýda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlara aýratyn orun berlip, öňdebaryjy tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkymyz üçin ägirt uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar