Işi rowaç, ýoly rowana mähriban halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenip, halkymyzyň kalbynda ebedilik orun tutýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda garşylaýan günlerimiz ajaýyp pursatlaryň, bagtyýarlygyň bagt şuglasy bolup, durmuşymyza, ykbalymyza özboluşly röwüş çaýýar.
Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky alyp barýan işleri biri-biri bilen sazlaşyp, her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär. Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen sözünde hem anyk göz ýetirdik.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen bolan duşuşygy bizi has hem buýsandyrdy we belent-belent sepgitlere ýetmeklige borçlandyrdy. Gurultaýda milli Liderimiz halkymyzyň, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn üns we alada bilen mundan buýana-da gurşalmalydygyny ýatladyp, olaryň görüm-göreldesi we aýdyň geljegi barada birnäçe mysallary getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara beren öwüt-nesihatlary, sargytlary ýaşlaryň geljeginiň şuglaly bolmagyna diýseň uly täsirini ýetirer.
Döwletli Diýarymyz bu günki günde ýaşlygyň joşgunyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň bagtyýarlygyna, ata Watanymyzyň rowaçlygyna, mähir-muhabbete, söýgä beslenýär. Bu bolsa ýaşlaryň hem-de halkymyzyň ykbalyny bezeýär. Mähriban Diýara bolan garaýşyň barha baýlaşmagy Arkadagly ýyllaryň gadyr-gymmatyna halkyň düşünmegi, söýüp, birek-birege mähir berip ýaşamagyň hikmeti diňe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bagyş eden beýik işleriniň netijesidir. Ýurdumyz barha ösüşlere beslenip, onuň goýnunda ösüp-örňeýän ýaşajyk nesillerden başlap, sapaly döwranda ýaşaýan ýaşulularymyza çenli eşretli ömür sürýärler. Döwletli döwran üçin, şu bagtyýar ýyllar üçin, şu agzybir iller üçin hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik tutumly işleri şowuna bolup, bütin adamzat jemgyýetiniň egsilmez alkyşyna mynasyp bolýar. Çünki bu işleriň ählisiniň özeninde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aladasy bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli oňyn özgertmelere beslenýär. Şol özgertmeler bolsa türkmen jemgyýetini hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, zehinleriniň açylyp, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň ahyryny goşgy setirleri bilen jemlemegi bedew bady bilen okgunly öňe barýan Diýarymyzyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny hasam belende göterdi.
Parahatlyk — ýürek baýdagy,
Älem-jahan — mähir mukamy.
Türkmenistan — bahar baýramy,
Türkmenistan — dostluk mekany.
Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe,
Jan Watanym Türkmenistan!
Hawa, ýurt berkararlygyny, Watan bagtyýarlygyny, bir başa bakýan agzybir türkmen halkyny arzuw wysalyna ýetiren hormatly Prezidentimiziň bu setirleri kalby buýsançdan doly bagtyýar ýaşlaryň dilinde has batly ýaňlanýar. Çünki Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň pynhan hyýalyny wysal eden beýik Gerçekdir. Muny hormatly Prezidentimiziň hut öz sözleri bilen bir jümlede beýan etsek: «Mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa öz gezeginde mertleri beýgeldýär!».
Hut şonuň üçin hem halkymyz öz Gahryman Arkadagynyň daşyna berk jebisleşýär. Türkmen ýaşlary bolsa Gahryman Arkadagymyzyň beýik göreldesine eýerip, hemişe öz Watanynyň ýaşyl Baýdagyny belentde parlatmak üçin okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler we zähmet çekýärler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynamyny ödemeklik — bu gün her bir ýaş nesliň beýik arzuwy.
Gurultaýa gatnaşmak bagty miýesser eden her bir adamyň köňül guşy al-asmanda ganat ýaýdy, her bir ýürek, her bir kalp özüni has hem bagtyýar saýdy. Ýüregi Watana bolan beýik söýgi bilen pürepür, her pursatda halkymyzyň has eşretli ertiriniň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň çykyşyna şaýat bolmaklyk arzuwlaryň serweridir.
Ýaşlar gurultaýyndan soňra kalbyňy üýtgeşik buýsançly duýgular gaplap alýar. Hormatly Prezidentimiziň altyna gaplaýmaly sargytlaryndan ruhlanyp, has belent sepgitleri nazarlaýarsyň.
Zamanamyzyň ajaýyp eýýamynda geljekde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda ýaşlaryň öňünde goýan anyk wezipelerine doly düşünip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bilen yhlasly, döredijilikli, tutanýerli zähmet çekip, ýurduň geljegi bolan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeläp, Watanymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly nesiller edip ýetişdirmäge çalşarys, milli Liderimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamyny ödäris.
Ýaşlara baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
17.09.2019ý.