ARKADAG SERPAÝY — ŞATLYK ŞUGLASY

ŞA SERPAÝYŇYZ ÜÇIN TAŇRYÝALKASYN, GAHRYMAN ARKADAGYMYZ!

Toý-baýrama, şatlyk-şagalaňa beslenip gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşlaryň hem durmuşyny ýatdan çykmajak wakalar bilen nagyşlady. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda päk zähmet çekip, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň arasynda ýaşlaryň bolmagy juda guwandyryjy. Olaryň ýürek buýsançlary bolsa, güýz gülleri ýaly ýakymly hem gözel.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri:

— Garaşsyzlyk toýumyzyň şanly 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahaty meniň üçin goşa toýa öwrüldi. Meniň ujypsyzja zähmetimi nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyny ýapmagy başymy göge ýetirdi. Çeken zähmetiň gadyry bilinýän döwletde ýaşamak nähili bagt! Haýsy hünärde işleýändigiňe seretmezden, ukyp-başarnygyňy, ylym-bilimiňi bir ýere çugdamlap, ak ýürekden işlemek neneňsi buýsandyryjy! Bizi il agzybirligi ruhlandyryp, ýurt parahatçylygy gadamlarymyzy batlandyrýar. «Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, bize uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!

Merjen NURMUHAMMEDOWA, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň balet-artisti:

— Ajaýyp pursatlar ynsana egsilmejek şatlyk eçilýär. Bagtyýarlygyň joşguny kalbyňa soňsuz güýç-kuwwat bagyşlaýar. Ýaşlygyň serhetsiz gujur-gaýratyny il bähbitli işlere sarp edip, tamany ödäsiň gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň eserdeňliginiň, ýaşlara bolan çuňňur söýgüsiniň netijesinde, şu gün şeýle ajaýyp duýgulary başdan geçirýärin. Şa serpaýyndan nesibeli ýaşlaryň arasynda adymyň tutulmagy göwün guşumy göge galdyrdy. Ynamyňyza ygrar-ygtykadym, yhlas-höwesim bilen jogap bermäge çalyşaryn, hormatly Prezidentimiz! Şa serpaýyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!

Ýörite habarçymyz.

“Nesil” gazeti,

26.10.2019ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU