SYLAGYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, medeniýet ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri üçin, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlaryny, döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge gatnaşandyklaryny nazara alyp, işinde we döredijiliginde gazanan uly üstünlikleri üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerine döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar öz işlerinde mundan beýläk hem mynasyp zähmet çekjekdiklerini, özleriniň döredijilik älemlerinde tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryny uly buýsanç bilen aýtdylar. Şeýle-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda uly işleri bitirýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň atabraýyny barha belende galdyryp, halkymyzy asuda, bolelin durmuşda ýaşadýan döwlet Baştutanymyza beren ýokary sylaglary üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Biz hem döwlet sylagyna mynasyp bolan watandaşlarymyzyň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.

Begenç SAPAROW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri: — Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar durmuşda ýaşaýan we zähmet çekýän biz — ýaş­la­ry has-da je­bis­leş­dir­ýär, döredijilikli beýik işlere ruhlandyrýar. Baş baýramymyzyň toýunyň yzysüre ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik işgärleri bilen bilelikde maňa hem hormatly Prezidentimiziň Permany bi­len «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» medalynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu bolsa diňe maňa berlen Şa serpaýy bolman, eýsem, tutuş türkmenistanly ýaşlara mynasyp görlen serpaý diýip düşünýärin. Ujypsyzja zähmetimize ýokary ba­ha be­ril­me­gi biz — ýaş­la­ry mundan beýläk hem kämil bilimli, ylymly bolup, ýurdumyzy ösdürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşant goşmaga, başymyzyň täji bolan ata Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga hemde syýasy, ykdysady, maddy-durmuş we ruhy-medeni kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga borçlandyr­ýar. Biz — ýaş­lar gel­jek­de hem milli Liderimiziň döredijilikli ýörelgelerinden, belent özgertmelerinden we atalyk sargytlaryndan ruhlanyp, jan aýaman zähmet çekeris.

Aman ROZYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň baş režissýory: — Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly adyň dakylmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde medeniýet, sungat ulgamyna hem aýratyn ähmiýet berlip, döredijilik bilen meşgullanýan raýatlara işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem geljekde-de ýurdumyzyň belent ösüşlerine özümiziň döredijilikli işimizde Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, döw­let Baştutanymyza halal hyzmat edip, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenis­tan Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrundaky tutanýerli hem yhlasly zähmeti, parahatçylyga, ösüşe hem-de dostluga gönükdirilen öňdengörüjilikli, oýlanyşykly döwlet syýasaty, ajaýyp döwrümiziň belent ynsanperwerlik ruhy bilen sazlaşykly utgaşyp, umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

“Nesil” gazeti,

08.10.2019ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU