TÜRKMENISTAN — GDA: täze başlangyçlar, giň mümkinçilikler

Düýn türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Onda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde halklaryň we döwletleriň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy berkitmekde taýsyz tagalla edýändigi bellenildi.

Mejlisiň dowamynda geçirilen duşuşyklarda GDA-nyň çäklerinde köpugurly gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Döwlet Baştutanlary Aşgabatda geçirilýän mejlisiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän mejlisiň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan GDA agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň ösüşine yzygiderli itergi bermek maksady bilen deňlik, dostlukly goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda özara gatnaşyklary berkitmäge, gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygynyň ösüşini üpjün etmäge ýardam edýän giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, özboluşly, köp babatda ýeke-täk birleşik bolmak bilen, häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, bu ýagdaýlar ählumumy ösüş meýilleri bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän hadysalar oýlanyşykly, düýpli seljermäni talap edýär. Munuň özi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgemelere degişli derejede hem-de öz wagtynda seslenmek, Arkalaşygyň çäklerinde işleriň esasy ugurlarynyň ösüşine anyk çemeleşmeleri kesgitlemek üçin zerurdyr. Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA-da baştutanlyk etmek bilen birlikde bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, ykdysady Geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çäreler, GDA giňişliginde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilendir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde öňde goýan maksatlaryna yzygiderli ýetýändigine şaýatlyk etdi. Bu maksatlar, ilkinji nobatda, GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmekden, GDA-nyň gurşawynda durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirilen başlangyçlara ýardam etmekden, GDA agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmekden ybaratdyr.

Türkmenistan abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde Arkalaşygyň agza döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrýar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. GDA ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek, sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşygyny döretmek, energetika, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek hem Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde ileri tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklary ösdürilýär.

Mejlisde bellenilişi ýaly, GDA-nyň çäklerinde özara haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Bu döwletleriň özara ylalaşykly hem-de sazlaşykly hereketleriniň, baý taryhy tejribä daýanýan içeri we daşary syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Dünýäde iň soňky gazanylanlar bilen aýakdaş ösüşi gazanmak üçin, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady ulgamlaryna innowasiýalaryň, sanlaşdyrmagyň işjeň ornaşdyrylmagy ileri tutulýar. Munuň özi önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, GDA ýurtlarynyň degişli hünärmenleriniň arasynda bu ugur boýunça özara peýdaly tejribe alşylmagyny şertlendirýär.

Häzirki wagtda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meseleleri esasy şertleriň biridir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk», şeýle-de «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalary kabul etmeginiň, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň, 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň hem-de BMG-niň resmi dillerinde çap edilmeginiň GDA gatnaşyjy döwletler üçin hem buýsançly ýagdaý bolandygy bellenildi. Häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde umumy tagallalaryň birleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama kabul edildi. Onda ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge esasy çemeleşmeler hem-de onuň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz GDAnyň ýurtlaryny günbatar-gündogar we demirgazyk-günorta ugry boýunça yklym hem-de yklymara ykdysady gatnaşyklary derejesine çykarmak boýunça strategik wezipelere gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Häzirki wagtda Arkalaşyga halkara möçberinde giň hem-de ygtybarly goşulyşmak meýilleri zerurdyr, munuň özi diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem ýurtlarymyzyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagyny öz içine alýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, diňe şonda Arkalaşyk dünýäniň köp ýurtlary hem-de goşulyşmaga ymtylýan düzümler üçin köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň özüne çekiji giňişligi, halkara maýa goýum gaznalary we maliýe edaralary üçin geljegi uly hyzmatdaş bolup biler.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. GDA-nyň mümkinçiliginiň uludygy hem-de köptaraplydygy, Türkmenistanyň bu ýolda örän işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygy nygtaldy.

GDA agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli we netijeli jemlenmegi, ýurdumyzyň şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi kabul edip, bu wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir gezek subut edýär.

Abdylla GÖKLEŇOW,                             

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

12.10.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 181 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 52 okalan

NOU – HAU