Gözel paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri hemişelik Bitarap Türkmenistanda doganlyk halklaryň bagtyýar geljeginiň bähbidine beýik başlangyçlaryň, öňdengörüjilikli pikirleriň öňe sürülýändigine we rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýokary sylagynyň — «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medalynyň eýesi bolan hormatly Prezidentimiz bu mejlisde: «Medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamynda, çagalar we ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk — bu geljege maýa goýumlarydyr, biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň, hoşmeýilliligiň we ynamyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň kepilidir» diýip belledi. Mejlisde Türkmenistanyň GDA-da emele gelen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň usullaryny goldaýandygy, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýandygy barada aýdyldy. Milli Liderimiziň çykyşynda GDA ýurtlarynyň özboluşly, baý we köptaraply medeni mirasyny işjeň wagyz etmäge, medeni-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklara täzeçe garamaga, GDA-nyň her ýylky teatr festiwallaryny, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmäge aýratyn üns berildi. Hyzmatdaşlygyň GDA-nyň yzygiderli bilim ýarmarkalary ýaly usulynyň ornaşdyrylmagy baradaky başlangyç hem ýaşlarymyz üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Arkalaşygyň sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek, şolaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak baradaky meselä-de aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy, GDA-da sportuň milli görnüşleriniň goldanylmagynyň we ösdürilmeginiň Maksatnamasy, syýahatçylyk ulgamyndaky strategiýalar bilen birlikde 2020-nji ýyla çenli ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Arkalaşygyň çäklerinde ýaşlar syýasatyny ösdürmek babatda aýdylanda, Türkmenistanyň tejribesi, hususan-da, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, ondan ugur alnyp düzülen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 ― 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan işler nusgalykdyr.
Ýeri gelende bellesek, Arkalaşyga agza döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar. Olar ýaşlaryň dostlukly döwletlerde guralýan festiwallaryna, forumlaryna, döredijilik duşuşyklaryna işjeň gatnaşýarlar. Ýaňy-ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen 11-nji halkara Mugam festiwalynda Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy, etrabyň Çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Merjen Amandurdyýewanyň gazanan üstünligi hem şeýle dostana gatnaşyklaryň miwesidir.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreleriň ählisi baý mazmunly we guramaçylykly geçirildi. Şu ýylyň maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň üstünlikli geçirilmegi Arkalaşygyň çäklerindäki ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem netijeli alnyp barylmagyna uly itergi berdi. Bu forum GDA ýurtlarynyň ýaş zehinleriniň arasyndaky dostlugy berkitmäge-de saldamly goşant goşdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy GDA döwletleriniň çagalarynyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde olaryň gatnaşmagynda aýdym-saz festiwallary, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. 2014-nji ýylda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen GDA ýurtlarynyň mekdep medeni-sport festiwaly has-da täsirli boldy.
2019-njy ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Kitap ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hem ýaşlaryň ruhy kämilligini ösdürmekdäki, gözýetimini giňeltmekdäki ähmiýetini nygtamak gerek. Onuň çäklerinde ýaş nesli çeper edebiýat bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen medeni aň-bilim çäreleriniň geçirilmegi, kitaplaryň sergileriniň guralmagy we beýleki wajyp çäreler uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň GDA bilen medeni-ynsanperwer ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. 2012-nji ýylda Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döretdi. Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde teatr, kino, telewideniýe we beýleki ulgamlarda halkara döredijilik toparlaryny kemala getirmek, kämilleşdirmek boýunça täze taslamalary goldaýar. Arkalaşyga girýän ýurtlaryň umumy bilim giňişligini ösdürmegiň, «elektron bilimiň», ylym we innowasiýa ulgamlarynda özara gatnaşyk etmegiň meselelerine aýratyn üns berilýär.
Mejlisiň jemleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasy kabul edildi. Bu möhüm resminamada hem ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda, bilim, ylym, saglygy goraýyş, zähmet, iş bilen üpjünçilik, ilaty durmuş taýdan goramak, medeniýet, maglumat, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ileri tutulýar. Geljekde ýokary, sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ösdürmek we bilelikde peýdalanmak, innowasiýalara esaslanýan ösüşler baradaky başlangyçlar bolsa ýaşlary döwür bilen aýakdaş kämilleşmäge ruhlandyrýar.
Sammitde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen baglylykda kabul edilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna hem-de dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi geljekki nesiller üçin nusgalyk gahrymançylygy we edermenligi wagyz edýär. Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň ähli döwletlerinde 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny geçirmegi hem-de bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk feýerwerklerini guramagy teklip etdi. Türkmenistanyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna taýýarlyk görmek hemde bu senäni baýram etmek boýunça esasy çäreleri durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
Umuman, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammiti Türkmenistanyň bu guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Onda Türkmenistanyň şu ýylyň dowamynda Arkalaşygyň guran forumlarynyň we duşuşyklarynyň derejesini ýokary göterendigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygy üçin GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň çözgüdi esasynda «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Milli Liderimiz bu sylaga, ilkinji nobatda, Türkmenistana we onuň halkyna hormat-sarpanyň nyşany, medeni-ynsanperwer ulgamda GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde ýurdumyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde baha berýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyzy ýokary derejeli sylagy bilen tüýs ýürekden gutlap, janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.
“Nesil” gazeti,
17.10.2019ý.