Milli Liderimiziň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar Diýarymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn beýik işler, gazanylýan ösüşler, döwleti dolandyrmak babatdaky asylly özgertmeler netijesinde Garaşsyzlygymyzyň esaslary pugtalandyryldy, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Bu günki gün mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Çünki bu mukaddes baýram halkymyz üçin erkinligiň we döwlet özygtyýarlylygynyň nyşany bolup, watansöýüjiligiň belent nusgasydyr.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy mynasybetli dabaralar giň gerime eýe boldy. Şeýle çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň «Märkaw» toý dabaralary merkezinde geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çäre «Gahryman Serdarly berkarar Diýar, şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» diýlip atlandyryldy. Halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan joşgunly aýdym-sazlara, milli öwüşgünli tans we folklor çykyşlaryna beslenen dabara şäheriň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okap bilim alýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Ýerine ýetirilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler, Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri tüýs ýürekden beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.