ÝAŞULULAR — ÝAŞ NESILLERE GÖRELDE

Bäş müň ýyldan köp taryhy bolan türkmen halky pederlerimiziň pähimlerini özüne görelde edinip gelýär. Il sylagly ýaşulularymyz ýaş nesilleriň arasynda paýhaslylygyň, pähim-parasatlylygyň janly mekdebi bolup durýar. Ýaşlara ata Watanymyzy söýüp, ynsan mertebesini belent tutmagy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy öwredýän, ata-babalarymyzyň ýörelgelerine ygrarly, watansöýüji bolup ýetişmeklerini ündeýän ýaşulularymyz ýaş nesillere göreldedir.

Durmuşyň her bir ädiminde ýaşulular bilen geňeşmek, olardan maslahat soramak gadymdan gelýän däplerimiziň biridir. Şonuň üçin-de berkarar döwletimizde ýaşululara goýulýan hormat, sylag, sarpa hemişe uludyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il sylagly ýaşulularyň birnäçesine “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara gününiň dabaraly bellenilmegi ýaşululara hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimiziň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezýär.

Zübeýda GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 11 okalan

ÝAŞULULAR — ÝAŞ NESILLERE GÖRELDE

01 Oktýabr 2025 | 155 okalan

ÝAŞULULAR – GÖRELDE MEKDEBI