MERTLERIŇ HATYRASY BELENT TUTULÝAR

Düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy. «Gahrymanlar unudylmaýar» ady bilen geçirilen bu sergide türkmen halkynyň azatlygy, erkinligi ugrunda söweşen ägirtleriň, şol sanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşinde gahrymanlarça söweşen mertleriň, tylda zähmet çeken gahrymanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde wepat bolan şehitleriň durmuşyndan janlandyrylan nakgaşçylyk, külalçylyk, heýkeltaraşlyk işleri sergilendi.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde eýe bolan üstünliklerimizi görkezýän sergiler hem bu ýere gelen myhmanlaryň ünsünden düşmedi.

Orazgeldi ATAHALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar

04 Oktýabr 2025 | 39 okalan

MERTLERIŇ HATYRASY BELENT TUTULÝAR

02 Oktýabr 2025 | 207 okalan

ÝAŞULULARYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANDY