KITAP — ÝAGTY GELJEGE TARAP ÝOL

Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň bilimli hem-de döredijilikli şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň özeni bolsa bilim bolup durýar. Bilim — geljege tarap ilkinji ädimdir. Kitap bolsa geljek bilen bagly möhüm guraldyr.

Kitap — akyl-paýhasyň, ylmyň we döredijiligiň hazynasydyr. Taryhda adamzadyň öňe gitmeginde, medeniýetleriň ösmeginde kitabyň aýratyn orny bolupdyr. Geçmişde ata-babalarymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň, hormat-sylagynyň ägirtdigini guba düýesini bir kitaba çalyşmagynda görýäris. Kitap — ynsanyň pikirlenişini baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär, ruhy hem döredijilik taýdan kämilleşdirýär, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmekde ýardam edýär. Kitap adam üçin durmuşyň kynçylyklaryna taýýar bolmakda, dogry ýol saýlamakda terbiýe mekdep bolup, öwüt-nesihat bermek bilen adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirýär.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen täze kitaphanalar, elektron kitap ulgamlary, döredijilik merkezleri açylýar, dünýä edebiýatynyň görnükli eserleri türkmen diline terjime edilýär, kämil bilim almaklary üçin kitap gaznalary döredilýär.

Kitap ylym we paýhas dünýäsi bilen baglanyşdyrýan ýol görkezijidir. Kitap okap, döwrebap bilim almak bilen ýaş nesiller diňe bir öz geljegini däl, eýsem, bütin ýurduň ösüşini, bagtyýar ertirini üpjün edýärler. Şonuň üçin hem ýaş nesliň kitap okamak endigini ösdürmek, olaryň kalbynda kitaba bolan söýgüni ornaşdyrmak ýurdumyzyň geljegi üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Rahman ERGEŞOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

29 Sentýabr 2025 | 28 okalan

GARAŞSYZLYGYŇ DATLY MIWELERI

29 Sentýabr 2025 | 34 okalan

KITAP — ÝAGTY GELJEGE TARAP ÝOL

29 Sentýabr 2025 | 28 okalan

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER