Düýn Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalarynyň bilelikde guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň il sylagly ýaşulularynyň, kümüş saçly eneleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýurdumyzda ýaşuly nesliň parahat, abadan durmuşda ýaşamagy, göwnejaý dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem dabara gatnaşýanlaryň her birine Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglary beýan etdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalary türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, olaryň baýramçylyk ruhuny has-da ýokarlandyrdylar. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan hormatly ýaşululara we kümüş saçly enelere baýramçylyk sowgatlary hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.