IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy baýlygy diýlip yglan edilen adamyň saglygyny goramak, sagdyn we ruhubelent ýaş nesli terbiýelemek, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugrydyr. Saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň soňky gazananlary esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we onuň hiliniň ýokarlanmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda döwrebap sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, keselleriň öňüni alyş merkezleriniň gurulmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşe eýedigine şaýatlyk edýär. Bu günki gün, ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezler we şypahanalar halkymyza hyzmat edýär. Munuň özi berkarar döwletimizde halk bähbitli beýik işleriň durmuşa geçirilýändiginiň anyk netijesidir.

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Oktýabr 2025 | 27 okalan

ÇAGA ERTIRKI ŞAHSYÝET