TÜRKMEN TALYPLARY TOKIONYŇ DAŞARY ÝURT DILLERI UNIWERSITETINDE OKUW GEÇÝÄRLER

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iki talyby Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetine okuwa saparyna iberildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Allanazarowyň hem-de Aýbölek Ataýewanyň okuw sapary 2015-nji ýylyň oktýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir okuw ýyly möhlet bilen guraldy.

Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersiteti Ýaponiýada baý taryhly gadymy okuw mekdebi hökmünde halkara barlaglar, daşary ýurt talyplar üçin ýapon we onlarça beýleki dilleri öwrenmegiň öňdebaryjy merkezi bolup durýar.

Tokio uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda talyplary alyşmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen talyplaryna gymmatly halkara tejribesine eýe bolmaga, bilimlerini baýlaşdyrmaga, dillere erk edip bilişlerini giňeltmäge, şeýle hem dostlukly ýurtda Türkmenistanyň baý medeniýetini we gazananlaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Talyplary alyşmak maksatnamasy hyzmatdaş iki ýokary okuw mekdebiň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir we ol üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Şeýle alyşmalar bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, türkmen uniwersitetiniň dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Maksatnama durmuşa geçirilip başlanandan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň jemi 11 talyby Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde okuw geçdiler, Ýaponiýanyň bir talyby bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine kabul edildi.

2016-njy ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýapon medeni-bilim merkeziniň açylmagy türkmen we ýapon ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm tapgyrlaryň birine öwrülendigini bellemek gerek. Türkmen-ýapon ynsanperwer dialogyny giňeltmek maksady bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň goldamagynda döredilen merkez diňe şu ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary üçin däl, eýsem ýapon dilini özleşdirmek, onuň taryhy we medeniýeti, häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşmak isleýän adamlaryň ählisi üçin açykdyr. Merkeziň işi Türkmenistanda ýapon dilini öňe ilerletmekde, akademiki gatnaşyklary işjeň ösdürmekde, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň arasynda bilim we medeni aragatnaşyklary, dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda wajyp orun eýeleýär.

turkmenistan.gov.tm