Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sany 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi Perhat Ataýewiň gatnaşmagynda ýazgy edildi.
Onuň dowamynda aýdymçy tarapyndan «Seň ýeke özüň», «Jan seňki», «Gunça», «Zyýada», «Saňa sowgadym», «Ýüregiňde ýokmy», şeýle-de goňşy döwletleriň aýdymlary bu gezekki gepleşige aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýazgynyň ahyrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän «Arkadagly Serdarym» atly aýdymy ýerine ýetirilip, ýaş aýdymçy bilen gyzykly sorag-jogaplar alyşylyp, ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Aýdym-sazly gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.