Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň bölümleriniň birine baryp, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň goranmak ministri Harby-howa güýçleriniň düzümleriniň harby bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, milli goşunymyzyň kuwwatynyň we iri möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öz Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýän Türkmenistan geljekde hem ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan goranyş ukybyny pugtalandyrmak hakynda tagalla eder diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini tehnikanyň täze gazanan harby enjamlary bilen üpjün etmek hem-de serkerdeleriň, esgerleriň işlemegi we ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň maksada laýyk bolmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna ýaş esgerleriň, şol sanda Harby-howa güýçleriniň harby gullukçylarynyň hünär derejesini hem-de beden taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelip gowşan täze harby tehnikanyň mümkinçiliklerini synamak üçin, harby dikuçara münüp, ony ussatlyk bilen dolandyrdy. Belent Serkerdebaşymyz uçuşyň barşynda häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen dikuçaryň ýokary tehniki häsiýetnamalaryny barlady.
Türkmenistan özüniň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylan hem-de şu ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň örän möhüm şerti bolup çykyş edýän Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boldy we şeýle bolmagynda galýar. Merdana esgerlerimiziň eziz Watanymyzy goramakda mukaddes harby borjy päk ýürekli, birkemsiz berjaý etmekleri biziň abadan durmuşymyzyň, bagtyýar gelejegimiziň kepilidir.
“Nesil” gazeti,
20.01.2018ý.












