Taryhy ýylyň şanly wakalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ýylynyň üstünlikli hepdeleriniň biri jemlendi. Geçen hepdede ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda bolup geçen täzelikler biziň bu aýdanlarymyzyň aýdyň şaýady bolýar.

19-njy ýanwarda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2018-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady görkezijileriniň, maliýe-ykdysadyýet we bank ulgamlarynyň, nebitgaz, oba hojalyk, senagat hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynda, gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy, durmuş, ylym-bilim, medeniýet, sport we beýleki birnäçe ugurlaryň iş meýilnamalaryny tassyklady. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda işlenip taýýarlanan iş meýilnamasy halkymyzyň bagtyýar we bolelin ýaşaýşyny üpjün etmegiň girewi bolup hyzmat eder. Şonuň ýaly hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler esasynda taýýarlanan Aşgabady we ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmegiň iş meýilnamasy-da Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzy ösdürmegiň anyk ugurlaryny özünde jemleýär.

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda geçiriljek senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi şu ýylda paýtagtymyzda geçiriljek sergileriň başyny başlar. Bu hakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Bu döwlet maslahatynda hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara hem gol çekdi. Olaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa köprüleriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça iş toparyny döretmek hakyndaky Karary hem bar. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde halkara derejeli taslamalara daýanýanlygyny görkezdi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmen halysynyň baýramyny we Dokma senagatynyň işgärleriniň gününi — Türkmen halysynyň we Dokma senagatynyň işgärleriniň güni görnüşinde maý aýynda bellemegiň maksadalaýyk boljakdygy hem aýdyldy.

Watan mukaddesligini hemme zatdan ileri tutýan Arkadag Prezidentimiz geçen hepdede iş gününiň birini Watan goragçylarynyň arasynda geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Harby-howa Güýçleriniň bölümleriniň birinde bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz täze harby dikuçara münüp, ýurdumyza gelip gowşan döwrebap harby tehnikanyň mümkinçiliklerini hut özi synap gördi. Bu ugurda ýokary tejribesi bolan Belent Serkerdebaşymyz gönüden-göni uçuşyň barşynda häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen dikuçaryň ýokary tehniki häsiýetnamalaryny barlady. Harby-taktiki mümkinçilikleri ýokary bolan söweşjeň dikuçar ýurdumyzyň Harby-howa Güýçleriniň kuwwatyny has-da artdyrar.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möhüm çärä görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berildi. Mejlisiň deputatlarynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlary guraldy.

Geçen hepdede ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümine goşuljak ýene bir desganyň düýbi tutuldy. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek çaga dogrulýan bölüm döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler. Şonuň ýaly hem Ahal welaýatynyň çäginde ýene bir ähmiýetli desga işe girizildi. Ak bugdaý etrabynda bezeg agaçlaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdiriljek güller we baglar, olaryň nahallary paýtagtymyzyň gözel görküni emele getirýän ýaşyl zolaklary döretmekde esasy öndüriji merkez bolup hyzmat eder.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda, hususan-da, ulag ulgamynda täze üstünliklere badalga berer. 2018-nji ýylda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine täze amatly «Yutong ZK 6129H» kysymly awtobuslaryň 15-siniň gelip gowuşmagyny munuň bilen baglanyşdyryp bolar. Olar şäherara ýolagçylara we ýurdumyza geljek jahankeşdelere hyzmat eder. Bu ýyl bolsa gadymy ýadygärlikleriň mekany bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň has-da köp gelmegine garaşylýar. Mundan başga-da, «Hyundai Universe Luxury» kysymly awtobuslaryň 7-si we «Yutong ZK 6129H» kysymly awtobuslaryň bolsa 2-si Balkan, Lebap hem-de Mary welaýatlaryna berildi.

Geçen hepdede ulag-logistika ulgamynda gazanylan üstünlikler has-da guwandyryjy boldy. Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça synag gatnawynyň amala aşyrylmagy bilen öň uzak wagtda geçilýän ýoluň iki hepdä golaý wagtda geçilmegine döredilen mümkinçilik synagdan geçirildi. Bu üstünlige bilermenler topary hem ýokary baha berdiler.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzda iri halkara sport çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Däp bolşy ýaly bu çäreleri ildeşlerimize teleradio ýaýlymlaryň üsti bilen ýetirmek hakynda hem şu günlerden işler alnyp barylýar. Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde «Sony Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen bolan duşuşyklarda hem bu ugurdaky anyk meýilnamalaryň üstünde durulyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, milli habar beriş serişdeleriniň hem-de telekommunikasiýalar ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga «Sony Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagy baradaky teklipler hem beýan edildi.

Geçen hepdede gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek hakyndaky öňdengörüjilikli syýasatynyň ýokary derejede amala aşýandygyna şaýatlyk edýän ösüşlerden doly boldy.

“Nesil” gazeti,

23.01.2018ý.