Aşgabat — ak arzuwlaryň şäheri

Watansöýüjiligiň nesillere nusga bolup galýan ýörelgeleri bolýar. Berk, täsin, owadan binalar taryhda yz galdyryp, öz döwrüniň döredijilik ýörelgelerini şöhratlandyryp, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülip, nesillere nusga bolup galýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek syýasaty ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy, paýtagtymyz Aşgabat şäheri täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýar. Günbe-günden özgerýän türkmen paýtagtynyň, oba-şäherleriniň keşbindäki kämillikde milli Liderimiziň nesillere göreldelik döredijilik ýoly bar. Häzirki günde milli binagärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşyp gidýän desgalar dünýäniň binagärlik gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Aşgabadyň has üýtgeşik desgalary Ginnesiň rekordlar kitabynda ýer aldy, türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde hasaba alyndy.

Hormatl y Prezident i miz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, ähli sebitleri gurşap alan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasy bu günki günde täze, möhüm tapgyra gadam goýdy. Tutuş etraplaryň durky täzelendi, täze ýaşaýyş jaý toplumlary, köşkler we binalar, häzirki zaman awtomobil ýollary, köp sanly ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, seýilgähler peýda boldy. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Köp sanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldular. Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmeklige uzak geljegi nazara almak bilen, toplumlaýyn çemeleşilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň gözel paýtagtymyz öz ajaýyp keşbi bilen bütin dünýä meşhur bolmalydyr!» diýen sözleri watansöýüjiligiň, döredijilik ruhunyň şygary bolup ýaňlanýar.

19-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna, sebitleri we Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmek boýunça maksadalaýyk işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Şu aýyň başynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan resminamasyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplary ýatyryldy we olaryň ýerleri Aşgabat şäheriniň degişli etraplarynyň çäklerine geçirildi. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň ady üýtgedildi we oňa taryhy Büzmeýin ady dakyldy, indi ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby diýlip atlandyrylýar. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň çäkleri bellenildi.

Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, dikuçarda guşuçar belentlikden Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şol saparyň dowamynda milli Liderimiz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini hem synlady. Aşgabadyň şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn derejede alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň eýesi Gahryman Arkadagymyz şäher düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen bagly ähli ugurlar bilen gyzyklanýar. Seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýol-ulag we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy, täze ýollaryň, köprüleriň gurluşygy, şäheriň nusgalyk arassaçylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli ugurlara içgin üns berýän Arkadag Prezidentimiz watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň badalga bermegi bilen, şäheri ösdürmegiň täze, nobatdaky 16-njy tapgyrynda-da guruljak desgalar maksatnamalaýyn çemeleşmä eýedir. Bu nobatdaky tapgyrda-da ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlardyr beýleki degişli desgalar häzirki zaman şäher gurşawlarynyň ölçeglerine laýyk derejede bina ediler. Hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda döwrebap söwda-dynç alyş merkezleri gurlup, onda alyjylar we satyjylar, şeýle hem körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, olaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigi baradaky tabşyryklarynda hem «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiz şöhlelenýär. Bu gün gözel keşbe eýe bolan paýtagtymyzda täze ýaşaýyş-durmuş şertleri kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Aşgabadyň demirgazygynda kemala gelen Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň gurluşygy alnyp barylýar, şäheriň demirgazyk-günbatar künjeginde häzirki zaman ýaşaýyş toplumlary bina edildi. Täze Zaman we Täze Oba ýaşaýyş toplumlary döredildi. Aşgabadyň demirgazyk künjeginde, G.Kulyýew köçesiniň ugrunda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň edara binalarynyň gurluşyklary tamamlanyp barýar. Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça iş saparynda bu desgalaryň gurluşygy, Tehnologiýalar merkeziniň ýanynda ýerleşjek Söwda merkeziniň gurluşygy, Tiz kömek merkeziniň ýanynda Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy. Nesip bolsa, ýakyn döwürde A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy şaýollarynyň çatrygynda täze myhmanhana bina ediler. Halkara howa menziliniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze myhmanhana myhmanlar üçin oňaýly mümkinçilikleri üpjün eder. Täze myhmanhana 6,9 gektar meýdanda ýerleşip, dokuz gatdan ybarat bolar. Ol häzirki zaman ülňülerine laýyk bolar. Täze binanyň şekilinde eziz Watanymyzyň esasy aýratynlyklarynyň — ajaýyplyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň tebigy aýratynlyklary öz beýanyny tapar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşendigini belläp, gadymy döwürlerde bu ýerlerden möhüm halkara ýollarynyň geçendigini hem-de 2018-nji ýylyň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilmegini nazarda tutup, täze myhmanhanany «Garagum» diýip atlandyrmak baradaky teklibi halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän şeýle täze medeni-durmuş desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda möhüm orna eýe bolýar.

Aknur ATAÝEWA,

«Nesil».

“Nesil” gazeti,

25.01.2018ý.