Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 40-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Milli miras – terbiýäniň özeni» ady bilen mekdep muzeýine gezelenç guraldy.
Onuň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasy, olaryň ähmiýeti, muzeýde ýerleşdirilen eksponatlaryň many-mazmuny hakynda okuwçylara giňişleýin düşündirildi. Mekdep okuwçylary bu ýerdäki ýerleşdirilen her bir eksponatyň taryhy hakynda içgin gyzyklandylar we olary syn etdiler. Mugallymyň beren gürrüňi bolsa, ýaş nesiller üçin örän täsirli boldy.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, milli mirasymyzy içgin öwrenmekde we ony wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Parahat HAŞYMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary
welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.