WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasynyň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Polisiýa müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher bölüminiň, Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp okuwçy oglan-gyzlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy ýaly endikleri terbiýelemek hakynda täsirli gürrüňler etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döretmäge watançy ýaşlar bolup ýetişmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Mähriban MEREDALIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 13 okalan

DOST-DOGANLYK HYZMATDAŞLYK

17 Noýabr 2025 | 9 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI