GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän durky täzelenip gaýtadan halkymyza sowgat berilen Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy seýilgähinde talyp ýaşlaryň hem-de guramanyň işgärleriniň gatnaşmagynda gezelenç çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda bu ýerde seýilgähiň aýratynlyklaryny, ekologiýa taýdan arassalygyny, dynç almak üçin oňaýlydygyny belläp, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün halkymyzyň asuda, erkana, parahat durmuşda ýaşaýandyklaryny, halkymyz üçin birnäçe seýilgähleriň döredilip berilýändigini we şol ýerlerde boş wagtlaryny maşgalalary, dostlary, ýakyn garyndaşlary bilen peýdaly, gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin döredilip berilýän şertlerdir mümkinçilikler dogrusynda täsirli söhbetler etdiler.

Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaşlaryň döwrebap okamaklary, hünärleriniň ussat eýeleri bolmaklary ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza  we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Batyr BEGENJOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 12 okalan

DOST-DOGANLYK HYZMATDAŞLYK

17 Noýabr 2025 | 8 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI