Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän durky täzelenip gaýtadan halkymyza sowgat berilen Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy seýilgähinde talyp ýaşlaryň hem-de guramanyň işgärleriniň gatnaşmagynda gezelenç çäresi geçirildi.
Onuň dowamynda bu ýerde seýilgähiň aýratynlyklaryny, ekologiýa taýdan arassalygyny, dynç almak üçin oňaýlydygyny belläp, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün halkymyzyň asuda, erkana, parahat durmuşda ýaşaýandyklaryny, halkymyz üçin birnäçe seýilgähleriň döredilip berilýändigini we şol ýerlerde boş wagtlaryny maşgalalary, dostlary, ýakyn garyndaşlary bilen peýdaly, gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin döredilip berilýän şertlerdir mümkinçilikler dogrusynda täsirli söhbetler etdiler.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaşlaryň döwrebap okamaklary, hünärleriniň ussat eýeleri bolmaklary ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Batyr BEGENJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.












