Saglygymyzy goramak, ozaly bilen, özümize bagly.
Agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, diňe özümizi däl, eýsem, daş-töweregimizdäkileri hem keselleriň ýokuşmagyndan goraýandygymyzy unutmaly däldiris!
Agyz-burun örtükleri daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, aýratyn-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda örän ähmiýetlidir.
Agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.
Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli.
Häzir tomus pasly dowam edýär. Şonuň üçin-de, hökman agyz-burun örtüklerini ulanyň! Bu hemmeleriň sagdynlygy üçin örän möhümdir.
Agyz-burun örtügini dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň.
Ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.
Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly.
Lukmanlar agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler.
Örtükleri çygly ýagdaýda ulanmaly däldir.
“Nesil” gazeti,
23.07.2020ý.