Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçilýär. Bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýet döredilip, elektron söwda we hasaplaşyk hyzmatlarynyň giň gerimi üpjün edilýär.
Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Munuň üçin elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmatlaryň, ýagny sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleri giňden ulanylýar.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanylan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet häkimiýet edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiler tarapyndan hyzmatlaryň sanly görnüşde amala aşyrylmagynyň esasy kadalary anyk beýan edilýär. Kanunda sanly hyzmatlaryň sanawy, ählumumy elýeterlilik üçin açyk bolmagy hem-de bu hyzmatlaryň internetde ýörite saýtlaryň üsti bilen sanly hyzmatlary almak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşinde doldurmak, bermek, almak mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi babatda kadalar görkezilýär. Sanly hyzmatlaryň döredilmeginiň we üpjün edilmeginiň netijesinde ilata hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine döwlet hyzmatlaryny etmegiň, döwlet tarapyndan hem-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň has netijeli usullaryny saýlamak hem-de üpjün etmegi ýola goýmak sanly hyzmatlaryň esasy maksatlary bolup durýar. Elbetde, bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagy wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga amatly şertleri döreder.
Elektron söwda gatnaşyjylar hökmünde satyjy, satyn alyjy hem-de maglumat dellaly çykyş edýärler. Olar resminamalary alyşmagyň barşynda iberijiler we kabul edijiler bolup hem bilýärler. Şu ýerde elektron söwdany amala aşyrmak boýunça şertnamalaryň elektron görnüşinde resmileşdirilýändigi hem-de bu elektron şertnamanyň raýat-hukuk şertnamasy hökmünde kesgitlenilýändigi bellärliklidir.
Elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende, elektron resminamalaryň alşylmagy esasynda amala aşyrylýan uzak aralykdan satmak arkaly edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýär. Uzak aralykdan satmak arkaly edilýän söwda amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan şertnama gatnaşyklarynyň aýratynlyklary «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda berkidilýär. Bu Kanuna laýyklykda, söwda işiniň subýekti internet-dükanyň saýtynda, maglumatnamada ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilen maglumatlaryň esasynda onuň ýazgylarynda beýan edilen harytlary satyn almakçy bolýan islendik şahs bilen şertnama baglaşmaga borçludyr. Şunda harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylmazdan öň alyja onuň baglaşylmagy hakynda teklibiň haýsy möhletiň dowamynda hereket edýändigi barada maglumat berilmelidir.
Umuman, sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda (onlaýn) hödürlenmegi olaryň gymmatynyň adaty ykdysadyýetdäkiden pes bolmagyny şertlendirmek bilen, elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda maglumat tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy, telekeçiligiň üstünlikli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň has-da giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär.
Arslan MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
25.07.2020ý.