«AKYLLY ÖÝ» — GELJEGIŇ ÖÝI

ONUŇ TASLAMASYNY TÜRKMEN TALYBY TAÝÝARLADY

Döw­ran­gel­di Suw­ha­now — Türk­me­nis­ta­nyň Inžener-tehniki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by. Ol ta­lyp­ly­gy­nyň il­kin­ji ýyl­laryn­da «Ses buý­ruk­la­ry ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan «akyl­ly öý» at­ly tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­läp baş­la­dy. Öý ba­ra­da dü­şün­je­le­ri­mi­zi düý­bün­den üýt­gedip bil­jek tas­la­ma soň­ky üç ýy­lyň için­de hö­dür­le­nen äh­li bäs­le­şik­le­r­de emin­le­riň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Ýe­ne bir ýyl­dan zäh­met ýolu­na baş­la­jak ta­lyp ýi­git bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çi­rip, şeý­le­lik­de, Türkme­nis­tan­da il­kin­ji «akyl­ly öýi» gu­rup, has uly ýeň­şi ga­zan­mak is­le­ýär.

Maş­ga­la gu­ra­ny­myz­dan soň­ra öz­baş­dak öý­li-işik­li bol­mak äh­li­mi­ziň il­kin­ji mak­sa­dy­myz. Öý ba­ra­da her bi­ri­miz­de bir hi­li ar­zuw bar­dyr. Kim­sä­miz ýur­du­my­zyň äh­li etrap-şäherlerinde gu­rul­ýan, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan döw­re­bap öý­le­riň ar­zuwyn­da bol­sak, kim­sä­miz öz öýü­mi­zi eli­miz bi­len bi­na et­mek is­le­ýän­di­ris. Bu pi­kir­le­riň haý­sy­na gul­luk ed­ýän hem bol­sak, äh­li­mi­zi bir ar­zuw bi­rik­dir­ýär. Ol hem gel­jek­ki öýü­mi­ziň göw­nü­miz­dä­ki ýa­ly bol­ma­gy.

Ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň asy­ryn­da, göw­nü­ňe bol­ma­sa, «aň­ry­baş öý» pi­ki­ri ada­ty bol­ma­dyk di­zaýn, giň how­ly, bag-bak­ja bi­len çäk­len­me­ýär. Dur­mu­şy­my­zy «akyl­ly» te­le­fon­lar, komp­ýu­ter­ler, ulag­lar, sa­gat­lar we ýe­ne-ýe­ne­ler gur­şap dur­ka, şol «akyl» nä­me üçin öýü­miz­de bol­ma­syn?! Göz öňü­ne ge­ti­rip gö­rüň! «Akyl­ly öý»! Ol tu­tuş­ly­gy­na teh­no­lo­gi­ýa­nyň güý­ji bi­len do­lan­dy­ryl­ýar. Biz ni­re­de bol­sak hem öýü­miz bi­len ara­gat­na­şy­gy­myz ke­si­le­nok. Öýü­miz mo­bil te­le­fo­ny­my­za SMS ug­ra­dyp, her dür­li ýag­daý­dan ha­bar­dar edip bil­ýär. Öz eýe­le­ri bo­laý­ma­sa, ke­se­ki­le­riň how­la aýak sek­me­gi­ne hem rug­sat be­re­nok. Gyş­da iş­den gel­ýän­çäk, içe­ri­ni ýy­la­dyp,to­mus­da sal­kyn­la­dyp goý­ýar. Hy­ýal­my? Ýok, ha­ky­kat! Eý­ýäm Ýer ýü­zün­de bir­nä­çe nus­ga­sy bo­lan şeý­le öý­le­riň türk­men nus­ga­sy­ny bir ta­lyp ýi­git iş­läp taý­ýar­la­dy. Oňa Döw­ran­gel­di Suw­ha­now diý­ýär­ler.

Näme üçin «akylly öý»?

Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekipdi. Ilkinji ýerli kompýuterler, smart telewizorlar we käbir beýleki elektron gurluşlaryň öndürilmegi ýurdumyzda bu Kararyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy. Netijeli işler we yzygiderli gözlegler ýene-de dowam edýär.

Bu Karary durmuşa geçirmekde, şeýlelikde, ertir-birigün tutuş dünýäde brend boljak türkmen elektron enjamlaryny we gurluşlaryny öndürmekde ýaşlar we olaryň täzeçe pikirleri iň esasy güýçdür. Ine, Döwrangeldi eýýäm talyplygynyň ilkinji ýyllarynda şu işe goşant goşmagy ýüregine düwenleriň biri. Ol has başgaça we düýpli pikirlendi. Şeýdip hem, mugallymlarynyň kömegi bilen «akylly öý» ulgamynyň taslamasynyň üstünde işläp başlady.

Näme üçin «akylly öý»? Belki, Döwrangeldi hem elektron gurluşlaryň başga görnüşlerini saýlap bilerdi. Ýöne alaga-da, «akylly öýüň» daşyna geçipdir. Bu işe Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda girişmek üçin, dogrusy, uly gaýrat gerek. Özüňiz pikir edip görüň islendik adam ur-tut «akylly öý» gurmaga girişmez. Munuň üçin owalyndan azajyk hem bolsa üşük, maglumat bolmaly. Ine, bizi hem şol başlangyç gyzyklandyrdy. Işi näme üçin saýlap alşy, ilkinji tapgyrlar barada ýaş alym şeýle gürrüň berýär:

— Institutda bu taslama ozaldan hem dowam etdirilip gelinýän eken. Ýöne şol wagt «akylly öý» özüne degişli dolandyryjy enjam bilen dolandyrylýardy. Men dolandyryşy telefona geçirdim we öýi ses arkaly dolandyrmaklygy goşdum. Mundan başga-da, käbir zatlary kämilleşdirdik.

Hem «akylly», hem tygşytly...

Eger hemme zat tehnologiýalaşýan, sanlylaşýan bolsa, öýlerimiz näme üçin bu depgine aýak goşmaly däl?! Şonuň üçin hem Döwrangeldi bu işi aktual mesele hökmünde görýär. Şonuň üçin hem ol taslamanyň elektron ulgamlarynyň topologiýasyny we programma üpjünçiligini döretmegiň üstünde ymykly işledi. Elbetde, munuň üçin «akylly öý» ulgamyny düzýän tehnologiýalara içgin seljerme berildi. Iller näme edipdir, şu wagta çenli taýýar edilen «akylly öýleriň» nähili artykmaçlyklary, kemçilikleri bar, Türkmenistanda guruljak «akylly öýleriň» nähili aýratynlygy boljak — ählisini öwrendi. Iň soňunda-da ýurdumyzda işe girizilmegi maksat edinilýän «akylly öý» ulgamynyň amatly tehnologiýasy kesgitlenildi. Ilkinji ädim ädilensoň, wagtyň geçmegi bilen, elektron ulgamyň topologiýasy, soňra-da ýörite programma taýýar boldy. Üstesine-de bu ulgamyň has amatly, ykdysady taýdan tygşytly görnüşi işlenip düzüldi.

Adaty däl zatlara ýetmek juda kyn ýaly görünýär. Emma türkmenistanly talybyň işläp düzen öýi hem «akylly», hem amatly, hem tygşytly. Bu örän gowy zat ahyryn!

«Açyl, gapym, açyl!»

Döwrangeldiniň taslamasy boýunça «akylly öý» gurjak bolsak, onda ol wezipe toplumlarynyň (funksional blok) ikisinden ybarat bolardy. Olaryň her biri degişli amallary ýerine ýetirip, alnan netijeler baradaky maglumatlary «kontroller» diýilýän dolandyryjy enjama iberýär. Eger biz telewizory ýörite enjam bilen uzak aralykdan nähili dolandyryp bilýän bolsak, «akylly öýi» hem edil şeýle dolandyryp bilýäris.

Talyp ýigit wezipe toplumlarynyň her birine aýratynlykda gutarnykly gurluşlar hökmünde seretmegi teklip edýär. Şonuň üçin hem «akylly öý» ulgamy taslananda, her bir wezipe toplumyny gutarnykly gurluş hökmünde öwrenmek maksadalaýykdyr. Geliň, biz hem şeýdeliň! Döwrangeldiniň taslan «akylly öýüniň» işleýşine sada dilde düşünmäge çalşalyň!

— Wezipe toplumlarynyň ilkinjisi «Identifikasiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol, esasan, binanyň howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýagny howpsuzlyk üçin öýe degişli zatlary — goşlary diňe rugsat berlen adamlaryň dolandyrmagyna mümkinçilik berýär. Başgaça oňa «rugsatnama» diýip düşüneliň! Eger saňa rugsat berilmedik bolsa, kim bolsaň hem, öýi dolandyryp bilmersiň. Bu toplum üçin Android platformasyna niýetlenen ýörite mobil programma işlenip düzüldi we ol «Atmega328» mikrokontrollerine birikdirildi. Toplumy işletmek üçin ýöriteleşdirilen algoritmden peýdalanylyp, C++ dilinde işlenendigini hem aýtmak gerek — diýip, ýaş alym Döwrangeldi Suwhanow gürrüň berýär.

«Akylly öýdäki» ikinji wezipe toplumy «Dolandyryş» diýip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, ol binadaky enjamlary ulanyjy tarapyndan uzak aralykdan dolandyrmagy üpjün edýär. Munuň üçin mikrokontrollere Ethernet modulyny birikdirmeli. Ethernet — internete birikdirilmän alynýan ulgamlaýyn tordur. Ýagny ondan internet öçük wagty hem peýdalanyp bolýar. Ulgam ses buýruklary arkaly işleýär. Eger öýe ulagda gelen bolsaň, derwezäni ýada garažyň gapysyny açmak üçin haýsydyr bir düwmäni gözläp oturmagyň ýerine, bu işi sesli buýruk bermek arkaly hem amal edip bilersiňiz. Edil filmlerdäki ýaly! Şeýle dälmi?!

Şeýlelikde, «akylly öýi» uzak aralykdan hem, onuň içindekäk offine görnüşde hem dolandyryp bilýäris.

Öýüň «akyly» nämelere çatýar?

Aýdaly, ir bilen işe ýa okuwa gyssanmaç gaýdypsyňyz-da, çyralar ýakylgy ýa kondisioner işledilgi galypdyr. Ýa-da öýde ýylylyk bolmaly çäginden ýokary geçip gelýär. Eger siziň öýüňiz (geljekde) «akylly» bolsa, alada edip oturasy hiç zat ýok. Çünki emele gelen islendik ýagdaý barada öý siziň mobil telefonyňyza SMS habarnamasyny ugradar. Onsoň, okuwda ýa işdedigiňize garamazdan, sanlyja sekundyň içinde ýagdaýy durnuklaşdyryp bilersiňiz. Eger has çylşyrymly ýagdaý ýüze çykan bolsa, öý şol bir SMS-i degişli gulluklara hem ugradýar. Ählisi şeýle aňsat.

Ýa-da türkmenistanly talybyň işläp düzen «akylly öýünde» awtoulagyň giriş-çykyşyny awtomatlaşdyrylan ýagdaýda dolandyrýan ulgam işlär. Eger öýe gelen awtoulagyň belgisi ulgama girizilen bolsa, onda «akylly öý» ulgamynyň derwezesi açylýar. Ýok, girizilmedik bolsa, öý eýesi rugsat berýänçä, awtoulag garaşmaly bolar.

Ýene bir aýratynlyk. Degişli «akylly öý» ulgamyny dolandyrmak üçin niýetlenen programma üpjünçiligi ulanyjynyň mobil telefonynda bolmadyk ýagdaýynda, ulgam hiç bir işi ýerine ýetirmeýär. Netijede, rugsat berlen adamlardan başga hiç bir şahsyýet «akylly öý» ulgamyny dolandyryp bilmeýär.

Talyp ýigidiň taýýarlan taslamasy ýekeje düwmä basmak arkaly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklara tiz jaň etmäge hem mümkinçilik berýär.

Gurluşyk üçin hemme zat taýýar

Dogry, Döwrangeldiniň «akylly öýi» heniz taslama. Muňa garamazdan, ýaş alym möhüm ädimleriň eýýäm birnäçesini ädip, netije gazandy. Ine, şol netijeleriň käbiri:

— geçirilen barlaglaryň netijesinde «akylly öý» ulgamy üçin amatly element binýady kesgitlenildi;

— ulgamyň elektron ulgamlarynyň täze topologiýasy işlenip düzüldi;

— döredilen ulgam üçin täze programma üpjünçiligi işlenip düzüldi;

— eger öý eýesi öýde bolsa, ulgamy internetsiz hem dolandyryp biler;

— iň esasysy, ulgamyň netijeliligi geçirilen tejribeler arkaly tassyklanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, talyp ýigit Döwrangeldi Suwhanow häzir bu taslamanyň üstünde Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda işleýär. Taslamany durmuşa geçirmek, paýtagtymyzda gurulýan «akylly» şäherde «akylly öýleri» gurmak — indiki maksat. Bu barada geçen ýyl Hytaýyň «Xiomi» kompaniýasynyň wekilleri bilen hem gepleşikler geçirildi. Kompaniýa ýaş alyma taslamany durmuşa geçirmäge ýardam bermekçi.

Üç ýylda üç ýeňiş

Döwrangeldiniň bu taslamasy soňky üç ýylyň içinde üç ýeňiş gazandy.

Bir hakykat bar. Şol bir zat, mysal üçin, şol bir taslama bilen, adamlary bir gezek haýran galdyryp bolar. Ol eýýäm ikinji gezekde ilkinji gezekdäki ýaly täsir döretmez. Eger täsir döretjek bolsaň, işe nähilidir bir ozal bolmadyk täzelikleri goşmaly. Döwrangeldi, ine, şeýtdi.

Ol ilkinji gezek bu işi mundan iki ýyl ozal «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň «Türkmentel — 2018» sergisiniň çäklerinde bilelikde guran «Ýaş alymlar telekommunikasiýa ulgamynda» atly geçirilen sergi-taslama bäsleşigine hödürledi. Şol ýyl iş häzirkisine görä sada hem bolsa, onda ýagty geljegi gören eminler Döwrangeldiniň işini üçünji orna mynasyp gördüler. Ýaş alym şol bäsleşige çenli «akylly öýi» mobil telefon bilen dolandyrmaga çenli kämilleşdirdi.

Bir ýylyň içinde üsti ýetirilen iş geçen ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň Ylymlar güni mynasybetli geçiren «Ylymly ýaşlar — berkararlygyň binýady» atly sergi-taslama bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Iş bu gezek, hakykatdan-da, özgeripdi. Oňa ses arkaly dolandyrmak aýratynlygy goşulypdy, ýöne buýruk bermek üçin internete birikdirilmek hökmanydy.

Şu ýyl bolsa ýaş alym Döwrangeldi Suwhanow «Heniz hem hemmesi däl eken» diýdirip bildi. Tas taýyn bolan we ozalkylaryna görä has kämilleşen iş «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlaryň arasynda yglan eden ylmy işler boýunça bäsleşiginde birinji orna mynasyp görüldi. Döwrangeldiniň taslama goşan bu gezekki üýtgeşmesi maşgala agzalarynyň öýüň içindekä ses buýruklaryny internetiň öçük wagty hem berip bilýänligidir. Ýagny mobil programma offline usulynda hem işleýär.

Orta mekdebe okuwa baran ilkinji günlerimizi ýatlalyň! Alan ilkinji bäşligimize ejemiziň begenişini görüp, ikinji bäşligi almak üçin has yhlasly okapdyk. Çünki ejemiziň «Berekella, oglumy» biziň üçin bahasyz serpaýdy. Berkarar Diýarymyzda ýaş alymlaryň netijeli taslamalarynyň her biriniň gadyry bilinýär. Dürli bäsleşiklerde olaryň eýeleri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylýar. Sowgatlar bir gyrada dursun, adamlaryň seniň taslamaňa üns bermegi, öwmegi, «Berekella!» diýip, egniňe kakmagy uly serpaý ahbetin! Ine, şol serpaý hem ýaş alymlarymyzy has ruhlandyrýar. Olar ylhamy, güýji ajaýyp döwrümizden, Gahryman Arkadagymyzdan alýarlar! Şeýle bolansoň, ýaşlaryň ylmy gözlegleri ýyl-ýyldan kämilleşýär.

* * *

Häzir mundan on ýyl ozal hyýalymyza sygmadyk, düýşümize-de girmedik tehnologik özgerişler bolup dur. Eger ýene birnäçe ýyldan «akylly öýüňiz» bolsa, onuň binýadyny bir zehinli talyp ýigidiň tutandygyny ýatlasaňyz gerek! Belki, «Türkmenistanda öndürilen» «akylly öýler» bir gün brend bolup dünýä çykar. Bolmajak zat däl-ä!..

Agageldi ITALMAZOW,

žur­na­list.

“Nesil” gazeti,

06.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU