Çagalarda ýatkeşligi nähili ösdürmeli?

Mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň kä­bi­ri ber­len ýum­şy dessine ýat tutsa, ýene biri, tersine, näçe okasada, ýat tu­tup bil­män kö­sen­ýär. Mu­ňa, el­bet­de, ýady gow­şak­lyk se­bäp bol­ýar. Ýa­dy gow­şak okuwçy­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek hem kyn düş­ýär. Eý­sem, şeý­le ça­ga­lar­da ýat­keş­li­gi nä­dip ösdürip bolar?!

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, pes ýatkeşlige, ilki bilen, nesil yzarlama, galyberse-de, güýçli dartgynlylyga ýolukmalar sebäp bolýar. Ýöne çaga bilen yzygiderli meşgullanyp, onuň ýatkeşligini gowulandyryp bolýar. Elbetde, bu birnäçe şertler bilen baglydyr.

Şertleriň ilkinjisi, beden saglygy bilen ruhy saglyk özara aýrylmaz bolmalydyr. Beden synalarynyň haýsy hem bolsa birinde näsazlyk bolsa, ol çaganyň özüni duýşuna, şol sanda ýatkeşligine gönüden-göni zyýan ýetirýär. Çaganyň näçe jan çekip sapaklaryna taýýarlanýandygyna garamazdan, ýetişigi pes bolýar. Muňa düýpli saglyk näsazlyklary sebäp bolup, çaga lukmanyna ýüz tutmagy, şeýle-de beýniniň kadaly işlemegi üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegi zerur.

Ikinji şerti ünslülikdir. Kämahal çagalarda synpdaş ýoldaşlary bilen özara düşünmezlik ýaly ýagdaýlar bolýar. Bu ýagdaý olary aladalandyryp, sapaklardan ünsüniň sowulmagyna sebäp bolup bilýär. Bu näsazlyga ata-eneleriň ýardamy gerekdir. Birnäçe gün çagalara berk üns berip, olara ruhy goldaw bermek, tebigy rahatlandyryjy serişdeleri içirmek arkaly düzeltmäge çalyşmalydyr.

Çagada gün tertibini berjaý etmegini gazanmak. Bu ýagdaýda beden synalary, şol sanda beýni kadaly işleýär. Çaganyň ýatkeşligi berkeýär.

Çagalara gereginden artyk talap bildirmeli däl. Olara bildirilýän talaplary birden däl-de, yzygiderli ýuwaş-ýuwaşdan düşündirmeli.

Hökman sport bilen meşgullanmaly. Sport diňe bir beden myşsalaryny däl, eýsem, beýniniň işjeňligini hem ösdürýär. Aýratyn hem, beýniniň täze maglumatlary toplaýan bölegini işjeňleşdirýär.

Şertlere görä sagdyn iýmitlenmek hökmanydyr. Köplenç, ata-eneler çagalaryny olaryň halaýan iýmitleri, naharlary bilen iýmitlendirmek isleýärler. Şeýlelikde, iýmitiň düzüminiň sazlaşygy ýitýär. Bu ýagdaý uzagyndan beýniniň işjeňligini gowşadyp, ýatkeşligi peseldýär. Gündelik iýmitiň düzüminde ýatkeşligiň oňat bolmagyna ýardam edýän önümler bolmalydyr. Mysal üçin, gara şokolad, greçka, süle, ary baly, balyk, sygyr eti, dorag, peýnir, grek hozy, ýumurtga ýaly önümler ýatkeşligi ösdürýär.

Soňky şert bolsa sagdyn uky. Sagdyn uky beýnä dynçlyk berýär, rahatlandyrýar. Doly alnan uky täze maglumatlary, sapaklara dürs baha bermäge, degerli netije çykarmaga hem-de ýatkeşligi berkitmäge oňyn şert döredýär. Şol sebäpden sagdyn uky ýatkeşligi ösdürmegiň iň esasy şertleriniň biridir.

Maral AKMYRADOWA,

“Nesil” gazeti,

11.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU