ZÄHMET. YLYM. TÄZEÇILLIK

«Ter önümiň» üstünlikleriniň gözbaşy

Ga­wu­nyň ka­ky­ny iýip gör­me­di­gi­miz, me­ger, ýok­dur ara­myz­da. Hä­zir onuň da­şy şo­ko­lad ör­tük­li­le­rem bar. Ýö­ne ga­wun­dan taý­ýar­la­ny­lan çipsini-hä he­niz da­dyp gör­me­dik­ler kän­dir. Ýogsa-da, ha­ça­nam bol­sa birwagt gawu­nyň süý­dü­ni içip gö­re­ni­ňiz bar­my?! Me­ge­rem, bar hem bol­sa, örän-örän seý­rek­dir. Şu­la­ryň soň­ky iki­si­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin «Ter önüm» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de ir­gin­siz iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ga­wun­dan taý­ýar­la­nan önüm­le­ri sa­nam­soň, «Ter önüm» di­ňe ga­wun önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan kär­ha­na eken di­ýäý­mäň ýö­ne. Bu ag­zan­la­ry­myz ola­ryň di­ňe tä­ze önüm­le­ri! «Ter önüm» — ýurdu­my­zyň ýer­li daý­han­la­ry ta­ra­pyn­dan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gök hem-de mi­we önüm­le­ri ön­dü­ri­ji­ler­den al­mak we söw­da no­kat­la­ry­na di­ňe ter gör­nüş­de ýe­tir­mek ug­run­da iş alyp bar­ýan öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ryň bi­ri. Biz «Ter, di­ňe ter» şy­ga­ry bi­len iş­le­ýän «Ter önüm» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň esas­lan­dy­ry­jy­sy Döw­let­gel­di Bal­ly­ýew bi­len söh­bet­deş bo­lup, kär­ha­na­nyň esa­sy iş ugur­la­ry, aý­ra­tynlyk­la­ry we gel­jek­ki me­ýil­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dyk.

— Döwletgeldi aga, «Ter önümi» esaslandyrmak bilen, baş maksadyňyz?!

— Bilýäňizmi näme, häzirki zaman dünýäde gök we miwe ekinleriniň önümçiliginiň 70 göteriminden gowragy diňe ter görnüşde amala aşyrylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamlaryň saglyga peýdaly, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlere bolan gyzyklanmalarynyň aşa artmagy bilen bagly. Ynsanyň iň gymmatly baýlygy — onuň saglygy. Sagdynlyk bolsa, ozaly bilen, kadaly iýmitlenmek diýmekdir. Şonuň üçin bazarlarymyzda gök, miwe we bakja önümleriniň ter görnüşde, amatly bahadan ilata elýeterli bolmagy, gör, nämä degmeýär!

Hojalyk jemgyýetimiz 2017-nji ýylyň maýyndan bäri işlemek bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem agzasydyr. Biz ilkibaşda daýhanlarymyzdan önümleriň diňe käbir görnüşlerini alyp, olary gaplap, müşderilere eltip bermek hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinipdik. Ýöne müşderilerimiz gök we miwe önümleriniň diňe bir ýa-da iki görnüşine isleg bildirenok ahyry. Olaryň islegi örän ýokary. Şonuň üçin biz gök, miwe we bakja önümleriniň ähli görnüşleri boýunça hyzmatlarymyzy ýola goýduk. Bu ugurda biz ýerli daýhanlaryň 300-den gowragy bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Hormatly Prezidentimiz ilatyň sarp edýän gündelik harytlaryny öz ýurdumyzda öndürip, azyk berekedini döretmek we ýokary hilli önümleri daşarky bazarlara eksport etmek syýasatyna uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, biz öz önümlerimiz bilen diňe bir içerki bazarlary üpjün etmän, eýsem, ter we ekologiýa taýdan arassa miwedir gök önümleri dünýä ýurtlaryna eksport etmek boýunça hem iş alyp barýarys. Geçen ýylda «Ter önüm» gyzyl gülaby gawunynyň 60 tonna golaýyny Awstriýa Respublikasyna eksport etdi. Biz geljekde önümlerimiziň hilini has-da ýokarlandyryp, Ýewropa bazarlaryna ymykly girişmegi maksat edinýäris.

— Soňky wagtlarda ilatymyzyň, aýratynda, ýaşlaryň arasynda «Ter önümiň» ýertudanalaryna bolan isleg örän ýokary. Ýertudanalary kärhanaňyzyň kärende ýerinde ýetişdirýän ekeniňiz?!

— Biziň ýurdumyzyň toprak we howa şertleri ýylyň islendik paslynda bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Ýertudananyň salkyn howa şertlerde ösdürilip ýetişdirilýändigi üçin, ondan tutuş ýylyň dowamynda hasyl alyp bolýar. Ýertudananyň önümçiligi hojalyk jemgyýetimiziň ýene bir esaslandyryjysy Batyr Rawşanow tarapyndan alnyp barylýar. Biziň ýyladyşhanamyzda ýertudananyň albion görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we ýörite gaplara gaplanyp, «Tudana» haryt nyşany bilen söwda nokatlaryna hem-de müşderilere ugradylýar. Ýertudana örän ynjyk miwe, şoňa görä-de, ony saklamak üçin kadaly howa şertleri zerur. Kärhanamyzyň işgärleri sargyt edilen ýertudanalary agşamara ýygnaýarlar. Soňra olar ýörite gaplara gaplanyp, ir säher bilen müşderilere ýetirilýär.

«Tudana» haryt nyşanly ýertudanalarymyzyň gaplanan we toplanan çemen görnüşlileri-de, şokolad örtükli ýertudana (choco berry) ýaly görnüşleri-de bar. Bu önümlerimiz sowgatlyk hökmünde ýaşlaryň arasynda has uly meşhurlyga eýe boldy diýsek, söz ulaltdygymyz bolmasa gerek. Dogrusy, ýertudana ösdürip ýetişdirmek örän hysyrdyly iş. Ýöne, aýdylyşy ýaly, telekeçilik täzeçilligi, töwekgelçiligi talap edýär.

— Dogrudanam, telekeçiler hemişe täzeligiň gözleginde bolýar. Gazetimiziň okyjylaryna gawundan taýýarlanan täze önümleriňiziň aýratynlyklary barada-da gürrüň berseňiz?!

— «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti geçen ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide ilkinji gezek gawundan taýýarlanan çipsileri halk köpçüligine ýetirdi. Şu ýylky birleşmäniň 12 ýyllyk sergisinde bolsa ilkinji gezek gawunyň süýdüni köpçülige hödürledik. Biziň bu hili önümçiligimiz dünýäniň başga künjeginde ýok diýen ýaly. Çünki «Ter önümiň» gawundan taýýarlanan süýdi organiki önüm hasaplanylýar. Oňa hiç hili reňk we ys berijiler, garyndylar goşulmaýar.

Gawun süýdüniň nämeden taýýarlanylýandygyny aýtsam, haýran galaýmagyňyz hem mümkin. Biz çipsi taýýarlamak üçin gawunyň etini ulanýarys. Ýöne göz öňüne getirip görüň, 100 kilogram gawunyň eti önümçilik üçin alnanda, onuň 35 — 40 göterimi paçak hem-de çigit bolup galýar. Bu önümçilik üçin uly ýitgi ahyryn! Biz şu ýitgini aradan aýyrmagy maksat edinip, türkmen alymlary bilen bilelikde uzak wagtlap iş alyp bardyk. Görşüňiz ýaly, organiki önüm almak üçin geçiren ylmy barlaglarymyzdyr gözleglerimiz üstünlikli boldy. Biz gawunyň paçagyny we çigidini gaýtadan işläp, özboluşly önümi — gawun süýdüni almagy başardyk. Biziň gaýtadan işlenip alnan gawun süýdümiziň süýjülik derejesi (ylmy dilde — briks) 10 — 12 göterime barabardyr. Aslynda, türkmen gawunlarynyň süýjülik derejesi 20, waharmanyňky 20 — 23 göterime deňdir. Bu görkeziji Ýewropa ýurtlarynda bitýän gawunlarda bary-ýogy 10 — 12 göterim. Diňe şunuň özem türkmen gawunlarynyň esasy artykmaçlygyny açyp görkezmek bilen, olaryň bütin dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.

— Döwletgeldi aga, tejribeli hünärmen hökmünde «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly gök, miwe we bakja önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegiň geljekki mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

— Biziň ýurdumyzda ýylyň 270 — 300-den gowrak güni güneşli günler hasaplanylýar. Munuň özi islendik gök, miwe we bakja önümleriniň bol hasylyny alyp, içerki bazarlar bilen birlikde, dünýä bazarlaryny hem ter we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň sebitleýin aýratynlyklaryna laýyklykda, pomidor, sogan, ýeralma, sarymsak, käşir, mäş, gawun, garpyz... ýaly dürli görnüşli önümleri ylmy esasda, köpçülikleýin ekmegi ýola goýup, gyzyklanma bildirýän ýurtlara eksport etmek telekeçiler üçin bähbitli hemem geljegi uly ugurlaryň biridir.

Sözümiz gury bolmaz ýaly, ýekeje mysal getireýin. Ýurdumyzda maýyň ahyrynda, iýun aýynyň başlarynda köpçülikleýin bugdaý orulýar. Bugdaý ekilen meýdanlaryň yzyna tomsuň jöwzaly yssysynda mäş ekip, ondan uly mukdarda hasyl almagyň näderejede girdejili bolýandygyny «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti geçen ýylda doly subut etdi. Biz geçen ýylda Gollandiýadan, Hindistandan, Özbegistandan mäşiň dürli görnüşlerini getirip, 26 gektar ýerde synag etdik. Örän şowly boldy. Bu ýyl 10 müň tonna çenli mäş ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýäris. Mäş ösümligi yssy howa şertlerinde bol hasyl berýär. Lebap welaýatymyzda ony düme görnüşinde ekibem bolýar. Bu bir tarapdan suwy tygşytlasa, ikinji tarapdan, onuň kökündäki azot bakteriýasy topragy baýlaşdyrýar, gurplandyrýar. Hatda mäşiň galyndysy — samany hem mallar üçin ot-iým bolup hyzmat edýär. Meselem, ýertudananyň tekjedäki durumlylyk möhleti 1 hepde, mäşi bolsa 6 aýdan 1 ýyla çenli saklap bolýar. Ine, uzak-uzak ýurtlara türkmen önümlerini eksport etmäge uly mümkinçilik! Men diňe mäşiň mysalynda aýdanymda şeýle, keramatly topragymyzda bitýän islendik önümiň aýratynlyklary, mümkinçilikleri şeýle içgin hem köptaraplaýyn öwrenilende, gör, näderejede artykmaç girdeji gazanyp boljak. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň bu ugurda etmeli işleri entek öňümizde!

— Islendik işi amal etmek üçin, öňi bilen, zähmet hem yhlas gerek diýilýär. Gürrüňleriňizden çen tutsak, «Ter önümiň» gazanan üstünliklerinde şular bilen birlikde, ylma-da möhüm ornuň degişlidigi aýan bolýar...

— Şübhesiz! Aýdylyşy ýaly, «A» harpdan başlap, Aýa çenli ýeten adamzadyň ähli üstünlikleriniň gözbaşynda ylym dur ahyryn. Haýsy işiň başyna baraňda-da ylmy taýdan ölçäp-çenemeseň, uzaga gitjegiň gümanadyr. Bu telekeçilik ýaly töwekgelçilikli işde aýratyn möhüm hem gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan, biz her hepdäniň şenbe gününi «ylmy gün» diýip yglan etdik. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlarynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň guramagynda telekeçilerdir daýhanlar, bu ugurdan okaýan talyplar üçin maslahat beriş okuwlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Muny täze pikirdir garaýyşlaryň özboluşly meýdançasy diýip atlandyryp hem bileris. Bu okuwlarda islendik bir önüm hakynda 2-3 adam gürrüň berýär. Ýagny her hepdede haýsy-da bolsa bir ekini ýa-da miwäni ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary, zerur bolan agrotehniki çäreler, onuň ykdysady bähbidi, eksport mümkinçilikleri... içgin seljerilýär, pikirdir garaýyşlar aýdylýar. Aslynda, türkmençilikde bileniňi paýlaşmak, ile ýaýmak sogap hasaplanylýar ahyryn.

Biz häzirki wagtda alymlar bilen mäşden başgada, ak hem gyzyl görnüşli noýbanyň, ýandagyň, kapari atly ösümligiň Türkmenistanyň toprak-howa şertleri üçin aýratynlyklaryny içgin öwrenýäris. Kapari ýabany bitýän ösümlik bolup, ylmy çeşmelerden onuň watanynyň türkmen topragydygyny okapdym. Bu ösümlik barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda hem maglumat berilýär. Kaparini medenileşdirip, bary-ýogy bir ýyldan peýda gazanmak bolýar. Ony duzlanan görnüşde gaplap satmak arkaly girdeji gazanmak mümkinçiligi bar... Umuman, «Ter önüm» hojalyk jemgyýetinde, ine, şu hili täze-täze gözlegleriň üstünde iş alnyp barylýar. Biziň maksadymyz ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmegine hem-de milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmakdan ybaratdyr

— Täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Önümleri talapkär müşderilere terligine ýetirmekde «Ter önüme» geljekde-de uly rowaçlyklary arzuw edýäris!

Aýgül RAHYMOWA,

“Nesil” gazeti,

18.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU