DEM ALYŞ ÝOLLARYNY SOWUKLAMA KESELLERINDEN NÄDIP GORAMALY?

Sowuklama keselleri nähili döreýär? Dem alyş ýol­la­ry­nyň so­wuk­la­ma ke­sel­le­ri daşky ho­wa­dan so­wuk­la­ma dö­re­di­ji zy­ýan­ly mik­roor­ga­nizm­le­riň be­de­ne ara­laş­ma­gy bilen dö­re­ýär. Zy­ýan­ly mik­roor­ga­nizm­ler — wi­rus­lar, bak­te­ri­ýa­lar we kö­me­le­jik­ler­dir. Köp­lenç ýag­daý­lar­da, ke­se­li baş­da wi­rus­lar dö­re­dip, soň­ra bak­te­ri­ýa­lar we kö­me­le­jik­ler do­wam et­dir­ýär­ler. Be­de­niň ke­sel­ler­den go­ra­nyş uky­by­ny (im­mu­ni­te­ti) pe­sel­dip, so­wuk­la­ma­nyň dö­re­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän se­bäp­ler gyş pas­lyn­da so­wuk ho­wa ýa-da ýy­lyň beýle­ki pa­syl­la­ryn­da so­wa­dy­jy­la­ryň kö­me­gi bi­len emeli dö­re­di­len so­wuk şert­ler, tem­mä­ki tüs­se­si, spirt­li iç­gi­ler, nä­dog­ry iý­mit­len­mek, nä­dog­ry ge­ýin­mek, iş ýer­le­ri­niň we ýa­şa­ýyş jaý­la­ryň ýy­ly­lyk şert­le­ri, gap­dal­dan gel­ýän do­wam­ly ke­sel­ler­den yba­rat­dyr. So­wuk­la­ma ke­sel­le­ri fi­zio­lo­gik taý­dan gow­şak çaga­lar­da, gar­ta­şan adam­lar­da we göw­re­li ze­nan­lar­da köp duş gel­ýän­dir.

Sowuklamanyň ilkinji alamatlary: bu­run­dan suw ak­mak, as­gyr­mak, bo­kur­dak­agy­rysy, üs­gür­mek, bede­niň gyz­gy­ny­nyň ýo­kar­lan­ma­gy, kel­la­gy­ry, tu­tuş be­den­de agy­ry­lar, ys­gyn­syz­lyk, iş­dä­siz­lik.

SOWUKLAMA KESELLERINDEN NÄHILI GORANMALY?

Bedeniň kesellerden goranyş ukybyny (immuniteti) güýçlendirmek:

Temmäki önümlerini ulanmaly däl.

Alkogolly içgilerden daşda durmaly.

Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaly.

Şahsy gigiýena düzgünlerini berk berjaý etmeli.

Işlemegiň we dynç almagyň kadalaryny berjaý etmeli.

Dogry we kadaly iýmitlenmeli. Ýatmazdan öň arassa howada gezelenç etmeli.

Sowuk howa şertlerine laýyk geýinmegiň düzgünlerini berjaý etmeli.

Witaminlere we mikroelementlere baý iýmitleri iýmeli: gök önümler, miweler, et, balyk, ýumurtga, sogan, sarymsak, ary baly, hoz.

Öňüni alyş sanjymlaryny wagtynda almaly.

Üsgürýän adamlardan gaça durmaly.

Ýygy-ýygydan elleriňizi sabynlap ýuwmaly.

Işleýän we ýaşaýan otagyň howasyny çalşyp durmaly.

Burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly.

Keseliň ilkinji alamatlaryny özüňizde duýsaňyz ýa-da çak etseňiz, haýal etmän öz maşgala lukmanyňyza ýüz tutuň!

Taýlymyrat AÇYLOW,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wezipe orunlaryndan daşary baş pulmonolog lukmany, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň öýkeniň özboluşly däl keselleri bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti,

20.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU