Jemgyýet ösýär, özgerýär, öňe barýar. Şeýlelikde, ýurduň hukuk binýadyny hem döwrüň talabyna laýyk getirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şol zerurlygy öz wagtynda amala aşyrmak, ýerine ýetirmek, ýagny kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ýurduň, jemgyýetiň ösüşini, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, goraglylygyny üpjün etmekde möhümdir. Çünki «Kämil kanunçylyk — sagdyn jemgyýet» diýilýär. Şoňa görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Bu bolsa eýýäm hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli taryhy özgertmeleriň esasylarynyň biri bolup, gönüden-göni parahat, asuda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende bellesek, şol taryhy wakadan soň, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi. Toparyň birinji mejlisi bolsa geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirildi. Şol mejlisde toparyň iş meýilnamasy tassyklanyp, agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy. Kesgitlenen wezipeleriň iň esasysy hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmek, kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmak maksady bilen geçirilýän özgertmelere ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlaryny çekmek, olaryň pikirini öwrenmek boldy. Görnüşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerine raýatlaryň işjeň çekilmegi, olaryň pikirleriniň öwrenilip, şoňa laýyklykda, kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri girizmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýän milli demokratik ýörelgämizden gözbaş alýar. 19-njy awgustda döwlet Baştutanymyzyň wideomaslahat görnüşinde geçiren Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň dördünji, ýagny iň soňky mejlisi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze syýasy-hukuk özgertmelerini, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen, durmuşa geçirýän ösüş maksatnamalaryny goldap, ýaşulular, ýaşlar, intelligensiýanyň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz öz teklipleri bilen bu möhüm çärä işjeň gatnaşdylar. Belläp geçsek, milli Liderimiziň il bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmelerini, giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny, wezipelerini düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn orun degişli.
Biz hem Ýaşlar guramalarynyň agzybir işgärleri bolup, ýurdumyzda amala aşyrylýan Konstitusion özgertmeleriň düýp mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, okaýan ýaşlaryň arasynda ençeme duşuşyklary, wagyz-nesihat, düşündiriş çärelerini geçirdik. Şonda bir zat aýratyn ünsümizi çekdi: jemgyýetimiziň doly hukukly agzasy hökmünde özlerine sala salynmagy, geňeşilmegi ýaşlarymyzy diýseň buýsandyrýar. Şeýlelikde, «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly, parasatly syýasatyna ygrarly ýaşlarymyz hem bu möhüm çärä işjeňlik bilen gatnaşdylar, öz tekliplerini hödürlediler.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşanda: «Diňe häkimiýet bilen jemgyýetiň hemişelik hyzmatdaşlygy arkaly häzirki zaman geosyýasatynda göz öňünde tutulan sazlaşykly ösýän döwleti gurup bolar» diýip, örän jaýdar belledi. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, geçirilýän şu kanunçylyk-hukuk özgertmeleri-de gönüden-göni häkimiýet bilen jemgyýetiň hakyky hyzmatdaşlygyny görkezdi. Şol mynasybetli hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn özgertmelerine raýatlarymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň alkyşlary egsilmezdir.
Dogrudanam, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimiz bilen dünýäniň ösen demokratik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagy, sazlaşdyrylmagy netijesinde kemala gelen milli demokratik ýörelgelerimiz jemgyýetimizde giň seslenme tapýar. Sebäbi geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparyna milli Liderimiziň oňyn halkara tejribesine hem-de ata-babalarymyzyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan tejribesine laýyklykda, taryhy köklerimize daýanyp, öňe süren başlangyçlaryny goldap müňlerçe teklipleriň gelip gowuşmagy muny doly subut edýär. Şol teklipleriň biri hem ünsden düşürilmän, iş toparynyň yzygiderli geçirilen maslahatlarynda düýpli öwrenildi, ylmy taýdan seljerildi. Şeýle hem onuň ýurdumyzyň welaýatlarynda göçme maslahatlary geçirildi. Ine, şu hem, ýagny ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly halkara tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan demokratik ýörelgeleri bilen sazlaşygyny emele getirmek iş topary tarapyndan alnyp barlan işleriň özenini düzdi. Konstitusion toparyň mejlisinde hem bellenilişi ýaly, netijede, halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy bilen Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak, 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär. Ýurduň hukuk, syýasy ähmiýetli şeýle iri çäresine gönüden-göni halkyň işjeň çekilmegi, şolaryň pikirleri esasynda Esasy Kanunymyza özgertmeleri girizmek gönüden-göni raýat jemgyýetiniň ýörelgelerine laýyk gelýär.
Umuman, hukuk-kanunçylyk namalarynyň jemgyýet bilen jebislikde kämilleşdirilmegi, raýatlaryň ösen islegleriniň hut ýurtda amala aşyrylýan iri syýasy, ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynda nazara alynmagy jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, bagtyýarlygynyň baş kepilidir. Nesip bolsa, amala aşyrylýan bu özgertmeler raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, hukuklaryny berkitmekde aýratyn ädim bolar. Halkymyz üçin şeýle ägirt özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
22.08.2020ý.