SIZIŇ DEŇ-DUŞUŇYZ
Gültäç Federasiýasynyň şäheriniň Hajyýewa «Erudit» Saratow Russiýa ylmy-okuw merkeziniň yglan eden «XI halkara ylmy işleriniň bäsleşigine» özüniň «Türkmen — iňlis — rus nakyllar sözlügi» atly işi bilen gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldy.
Bilesigelijiligi, bilim öwrenmäge bolan yhlasy ýaşlykdan ýaran edinen zehinli okuwçylaryň biri hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gültäç Hajyýewadyr. Sapaklara ýetişigi babatda-da, zehinliligi, erjelligi babatda-da tapawutlanýan Gültäç dil we ynsanperwer ugurly derslere has ýykgyn etmek bilen, ene dilimiz, edebiýatymyz bilen birlikde daşary ýurt dillerini hem öwrenmegi halaýar. «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» bolýan bolsa, Gültäç ene dilimizden başgada, ýene üç dili, ýagny iňlis, rus, türk dillerini bilýär. Häzirki günlerde bolsa, ýeňil bolmadyk hytaý dilini öwrenýär.
Her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýän ezber okuwçymyz Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäheriniň «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň «Metaşkola» merkeziniň her ýyl guraýan internet bilim bäsleşiklerinde birnäçe gezek öňdäki orunlary eýeledi. Ol «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň yglan eden «XI halkara ylmy işleriniň bäsleşigine» özüniň «Türkmen — iňlis — rus nakyllar sözlügi» atly işi bilen gatnaşdy. Geçen okuw ýylynyň başynda netijeleri belli bolan bäsleşigiň kararyna laýyklykda, Gültäç Hajyýewa bäsleşigiň altyn medalyna mynasyp boldy.
Şondan soňra taslama bäsleşiklerine gyzyklanmasy artan Gültäç geçen okuw ýylynda mekdebiň mugallymy Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda öz işini has-da kämilleşdirip, ony iňlis dilinde Gazagystanda geçirilýän «Infomatrix — Asia» bäsleşigine hem hödürlemek bilen, emin agzalaryžnyň gelen kararyna görä, ýaryşyň geçirilýän ýurduna baryp gatnaşmak üçin çakylyk hatyny aldy.
Häzirki wagtda ol «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine, bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän taslama-döredijilik bäsleşiklerine, Rumyniýa, Gazagystan, Litwa ýaly döwletlerde geçiriljek Halkara taslama bäsleşiklerine taýýarlanýar we ýeňiji bolmagy maksat edinýär.
Gültäç orta mekdebi tamamlanyndan soňra , öz okuwyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dowam etmegi göz öňünde tutsa-da, informatika, matematikany hem içgin öwrenjekdigini aýdýar.
Zehinli deň-duşuňyz 2019-njy ýylda Balkanabat şäherindäki Çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölümini hem diňe bäşlik bahalar bilen tamamlapdy. Ol öz çeken suratlary bilen ýurdumyzyň metbugat neşirlerinde hem yzygiderli çykyş edýär. Zehinini dürli ugurlarda synap, oňat netijeleri gazanýan Gültäç döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýar.
Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
22.08.2020ý.