TANS ETMEGIŇ SAGLYGYMYZA PEÝDALARY

Döreýiş taryhy ynsanyýetiň başlangyjyndan gaýdan tans etmek sungaty ähli halklaryň we medeniýetleriň aýrylmaz bölegidir. Fransuzça «danse» sözünden gelip çykan tans bedeniň saza görä sazlaşykly we owadan hereketini aňladýar. Tans diňe sungatyň bir bölegi bolman, eýsem, onuň ynsan saglygyny dikeltmekde hem uly ähmiýeti bardyr. Fiziki we ruhy taýdan ynsany gurşap alýan tans beýleki sport maşklaryna garanyňda kän ýadatmaýan we özüneçekiji işjeňlikdir. Ol diňe bir bedenimiziň kuwwatyny däl, beýnimizi hem güýçlendirýär. Nerw dartgynlylygyny pese gaçyrýar we bedenimizde serotonin garmonynyň bölünip çykarylmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, adam özüni şat duýýar.

Ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar

Tans edenimizde bedenimizdäki dürli myşsalar bilelikde işleýär. Tansyň dowamyndaky hereketimiziň çaltlygy bolsa, tans edýän sazymyzyň depginine bagly. Eger-de haýalrak hereketler bilen tansa başlamak islesek, onda haýal depginli sazy saýlamak gerek. Şeýlede tans edenimizde beýleki sport maşklaryndaky ýaly şikeslenme ähtimallygy köp bolmaýar. Italiýada alnyp barlan barlaglaryň netijesinde ýürek-damar keseli bolan näsaglaryň hepdede iki-üç gezeklik tans bejergisinden soňra olaryň dem alyş we gan aýlanyş ýollarynyň öňküden has açylandygy anyklandy.

Aşa semizlikden halas edýär

Aşa semizlikden gutulmak üçin jan edýän adamlaryň sany bu günki gün dünýäde has artdy. Welosiped sürmek, ylgamak ýa-da ýöriş etmek bilen deň derejede täsirli bolan tans etmek sizi elmydama ideal agramda saklamaga ýardam eder. Isle, topar bolup, isle-de, ýeke bolup her gün az wagtlyk tans etmek siziň hem-ä gaharyňyzy aýrar, hemem aşa semizlikden daşlaşdyrar.

Günüň ahyrynda gaýtadan güýçleniň!

Käte «Telefony zarýaddan dolduryşymyz ýaly, özümizi hem gaýtadan güýçlendirip bolsady» diýýäris. Aslynda, tans etmek bilen günüň ýadawlygyny taşlap, gaýtadan güýçlenmek, ruhumyzy belende götermek mümkin. Ýeke özümiz bir otaga girip tans edip dursak hemmeler geňläýjek ýaly hem bolýandyr welin, ýöne bu biziň günüň dowamyndaky dartgynlylygymyzy aýyrmak üçin iň gowy we iň aňsat usul.

Özümize ynamymyzy artdyrýar

Toýlarda ýa-da şüweleňlerde tansa çagyrylsa, tansdan ýüz öwürýän adamlar juda kän. Bu bir tarapdan olaryň çekinjeňliginden bolup biler, beýleki bir tarapdan bolsa, olaryň tans etmegi başarmaýanlygyndan bolmagy ähtimal. Haçan-da boş wagtymyz öýde tans bilen meşgullansak, onda köpçülikde tans etmeli bolanynda hem özümize has ynamly tans edip, daş-töweregimizdäkilerde ýakymly täsir galdyryp bileris.

Ýatkeşligimizi güýçlendirýär

Tans etmek bilen ýatkeşligimizi güýçlendirip bolýan bolsa, onda gezen ýerimizde tans edip gezäýmeli. Emma bu, hakykatdan-da, şeýle. «New England» lukmançylyk žurnalynda ýazylanlara görä, adam garradygyça beýnimizde ýatkeşligimizi dolandyrýan bölejik gippokampyň göwrümi kiçelip ýatkeşligimiziň peselmegine getirýändigi aýdylýar. Tans etmegiň we beýleki aerobiki maşklaryň bolsa, munuň öňüni alýandygy beýan edilýär.

Haýsy tans görnüşini saýlamaly?

Elbetde, tansyň 20-den gowrak meşhur görnüşleri bar. Siziň ruhuňyza, ýüregiňize haýsy tans iň ýakyn bolsa, şol tansa degişli sazlary saýlap, joşup tans edibermeli. Tanslaryň içinde milli, aýratyn hem, küştdepdi tansymyz ýürege ýakyn tanslaryň biridir. Onda näme, küştdepmäge başlabereliňmi?!

Taýýarlan Şageldi ÝABANOW,

“Nesil” gazeti,

25.08.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI