TÜRKMENISTANLY ÝAŞ ALYM ILKINJI ÝERLI AÝAKGAP BOÝAGYNYŇ TASLAMASYNY IŞLÄP DÜZDI
ÝAŞ ALYM BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT: şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan uçurym bolan Rasulbek Tangriberganow indi inžener-himik, tehnolog hünärli ýaş hünärmen. Talyplyk ýyllarynyň soňky günleri oňa ýatdan çykmajak ýakymy bagyşlady. Heniz institutyň üçünji ýyl talybyka ýerli şertlerde aýakgap boýagyny öndürmek boýunça gözlegleri geçirip başlan talyp ýigit bu gözlegleriniň oňyn netijesi bilen şu ýyl ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Öz önümimiz bolup biler
Aýakgap boýagy. Göräýmäge, adaty bir serişde. Ýöne onuň durmuşymyzdaky orny näderejedekä?! Bir zat belli: «Esasy zat ― içki gözellik» diýilse-de, täze tanyşlyklarda adamyň daşky görnüşine aýratyn üns berilýär. Internetde ýa-da telefonda tanşan adamyň bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz görüşmeli bolsa, kalbyňy söze sygmaz tolgunma gurşap alýar. Heniz duşuşykdan öň täze tanşyň keşbini özüňçe göz öňüne getirýärsiň. Duşuşykda ilkinji täsir edýän zat bolsa, tanşyň daşky görnüşidir. Şol sebäpli hem şahsy kämillik bilen bagly makalalarda iş duşuşyklaryna ýerlikli geýnip gitmek maslahat berilýär. Ýerlikli geýinmek hem aýakgapdan başlanýar. Aýakgabyň göze gelüwliligi bolsa onuň arassalygyna bagly.
Aýakgap boýagyny, esasan, erkek kişiler ulanýar. Şonuň üçin hem iş saparyna giden erkek kişiniň goşhaltasyndan aýakgap boýagynyň çykmagy garaşylmadyk ýagdaý däl. Çünki ol gündelik ulanylýan adaty serişdelerimiziň biri bolup gidipdir. Aýakgap boýagy, ýöne bir serişde däl-de, gündelik zerurlykdyr.
Belki, türkmenistanly ýaş alymyň ylmy gözlegleri ýerli şertlerde öndürilen ilkinji aýakgap boýagynyň döremegine sebäp bolup biler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uçurymy Rasulbek Tangriberganow bu gözleglere üç ýylyny bagyşlady.
Yhlasa — myrat
― Institutyň üçünji ýylynda okaýarkam, umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty Leýla Berkeliýewanyň teklibi bilen bu işe girişdim. Leýla mugallym ýerli serişdeler bilen aýakgap boýagyny öndürip boljakdygyny menden öň bildi. Şeýlelikde, ol bu işi alyp barmakda maňa ýolbaşçylyk etdi ― diýip, Rasulbek işe girişen ilkinji günlerini ýatlaýar. Şeýlelikde, halypa mugallym we onuň ylma yhlasly şägirdi işe Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tejribehanasynda girişdi. Işiň ilkinji tapgyry ýerli çig mallary ulanyp, ýokary hilli aýakgap boýagyny öndürmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp düzmekden ybarat boldy. Ony önümçilige ornaşdyrmak üçin bolsa, ylmy-barlag işleriniň ynandyryjy netijä daýanmagy gerek.
Ýaş alymyň aýtmagyna görä, aýakgap boýaglarynyň düzümine 10-a golaý gurluş girýär. Olary daşary ýurtlardan satyn alyp önümçiligi ýola goýmak bolsa, önümiň baha taýdan elýeterliligini saklamagyna mümkinçilik berjek däl. Diýmek, ýerli çig mallary gözlemeli.
Rasulbek şeýle çig mallary tapdy. Asyl, görlüp oturylsa, Çeleken ýarym adasyndaky ozokerit, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň zyňyndy parafini, Hazaryň tehniki uglerod (gurum) zawodynda öndürilýän tehniki ugleron hem-de ösümlik ýag zawodynyň pagta ýagy ýerli aýakgap boýagyny öndürmek üçin çig mal bolup biljek eken. Şeýlelikde, türkmenistanly ýaş alym ozokeritiň we pagta ýagynyň esasynda aýakgap boýagyny taýýarlamagyň tertibini işledi. Irginsiz gözlegleriň netijesinde boýagyň birnäçe nusgalygy taýýarlanyldy. Elbetde, olaryň her haýsyna mahsus häsiýetler hem kesgitlenildi. Bu synanyşyklar geljekde «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy bilen dünýä bazaryna çykjak aýakgap boýagynyň binýadydy.
Täze önümiň aýratynlyklary
Ýaş alym aýakgap boýagy bilen bagly synaglaryň dürli görnüşlerini geçirdi. Pagta ýagynyň deregine beýleki ýaglary hem peýdalanyp gördi. Her gezek hem bir täzeligiň üstünden bardy. Diýmek, geljekde ýurdumyzda aýakgap boýagynyň dürli görnüşlerini öndürip boljak. Boýagyň gara ýa goňur reňkde bolmagy üçin hem hiç hili mesele ýok, hil bolsa ýokary derejede boljak. Iň esasy zat hem ýaş türkmen alymynyň başlangyjy bilen öndüriljek aýakgap boýagy örän elýeterli bahadan satylyp bilner.
Islendik ylmy gözlegiň artykmaç taraplary gyzyklandyrýar. Eýsem, öndürjek boýaglarynyň nähili artykmaçlyklary bolar?! Bahasynyň arzan boljakdygyny aýtdyk. Munuň üstesine-de, boýag ekologiýa taýdan arassa önüm bolar. Şu hemmesimi? Ýok, heniz däl. Ýerli boýaglar suwa durnukly bolar we aýakgaplara berklik berer.
Rasulbek Tangriberganowyň işläp taýýarlan aýakgap boýagynyň düzümi hem beýleki boýaglardan tapawutly. Beýleki boýaglarda organiki eredijiler ulanylýar, bu bolsa önümçilikde partlama howpuny ýüze çykarýar. Rasulbek bolsa erediji hökmünde arassa suwdan peýdalandy. Bu bolsa asla howp döretmeýär.
Indiki maksatlar
Rasulbek aýakgap boýagy baradaky ylmy gözleglerini taýýarlady. Ýaş alymlaryň Ylymlar güni mynasybetli geçirilen taslama sergi-bäsleşiginde birnäçe hususyýetçiler bu işi önümçilige ornaşdyrmak, şeýlelikde, ilkinji ýerli aýakgap boýaglaryny öndürip başlamak boýunça ýardam berjekdiklerini hem aýtdylar. Munuň üçin degişli ygtyýarnamany ― patenti alaýmak galýar.
Aýakgap boýagy boýunça işler tamamlansa-da, ýaş alymyň ylmy gözlegleri dowam edýär. Indi ol täze bir arassalaýjy serişdäniň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Munuň üçin ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň soapstok diýilýän galyndysyndan peýdalanylar. Şeýlelikde, täze gözlegler ýaş alymyň galyndysyz önümçilik boýunça nobatdaky işi bolar.
― Ylym bilen meşgullanmaga höwesi bizde hormatly Prezidentimiz döredýär. Çünki milli Liderimiziň döredip beren giň mümkinçilikleri ylym dünýäsine barylýan ähli ýollary açdy. Bize diňe çuňňur we netijeli pikirlenmek hemde şol pikirlerimizi durmuşa geçirmek galýar. Ylymly dünýä hem täsin, hem gyzykly dünýä. Oňa aralaşsaň, örküňi üzüp bileňok. Nesip bolsa, ylmy gözleglerimizi geljekde hem dowam etdirip, eziz Watanymyzyň ylymdaky we ykdysadyýetdäki ösüşlerine goşant goşmagy meýilleşdirýäris ― diýip, ýaş alym Rasulbek Tangriberganow geljekki maksatlary barada gürrüň berýär.
* * *
Ajaýyp döwrüň, ýaşlygyň joşguny türkmen ýaşlaryna ganat berýär. Şonuň üçin hem olaryň başyna baran işi gül açyp dur. Ukybyň barmy? Gel, subut et! Ony gülletmek, gerek bolsa dünýä çykarmak üçin döwletimiz hiç bir aladasyny gaýgyrmaýar. Şu makalalar toplumynda size tanyşdyrýan ýaş alymlarymyz bu aýdylanlaryň janly subudy. Bir gün olaryň hataryna her birimiz goşulyp bileris!..
Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
“Nesil” gazeti,
29.08.2020ý.