MUGALLYM
Güýzüň ilkinji güni. Mekdep. Dabara. Ýaş mugallymlaryň biri özüni edil birinji synpa gelen okuwçylar ýaly duýýar. Ünsüni bir ýere jemlejek, tolgunmasyny basjak bolup, lowurdap dogan Güne garaýar. Onýança-da:
— Hormatly adamlar, eziz okuwçylar! Bu gün mugallymlarymyzyň hatary ýene-de bir şägirdimiz — ozalky uçurymymyz bilen artdy. Geliň, oňa söz bereliň! Çünki bu gün onuň ilkinji iş güni — diýen ses ýaňlandy.
— Men mugallym bolmagy kiçilikden arzuw edipdim. Sebäbi mugallym, ilkinji nobatda, goluňdan tutup harp ýazmagy, okamagy öwredýär. Öňe gitmegiňe goltgy beren ynsan bolsa, hiç mahal unudylmaýar, ýüregiňde baky ýer edýär. Ak mekdebe uly ynam, umyt bilen ätlän ýüzlerçe kalby päk, ýürekleri bilimler dünýäsine atarýan mugallymyň her birimiziň durmuşymyzda aýratyn orny bar. Hawa, özem haýsydyr bir mugallym aňymyzda berk orun alandyr, hormat bilen ýatlanylýandyr. Çünki ol hünär saýlanymyzda ýa bolmasa şonuň ýaly ýene bir ykbal kesgitleýji meselede öz degerli maslahaty bilen ýoluňa röwşenlik çaýandyr, çelgi bolandyr. Hut şonuň üçin-de «mugallym» diýen belent ada eýe bolanlar hemişe okuwçylara nusga, görelde bolmalydyr.
El çarpyşmalar. Birinji synpa gadam basan okuwçylar ylgap geldiler-de: «Salam, mugallym!» diýip, ýaş mugallyma gül dessesini gowşurdylar. Şol pursat ol ýene-de bir gezek Güne garap goýberdide, akyldaryň: «Gün şöhlesiniň düşýän ýerindäki iň ajaýyp kär mugallymçylyk käridir» diýen sözlerini ýatlady. Ýylgyryp özüne garap duran ilkinji mugallymyna gözi düşdi, oňa tarap ýöneldi...
OKUWÇY
Mundan on ýyl ozal ak mekdebiň gujagyna dolupdyk. Synpdaşlaryň ählisi deň-duşlaryň. Nähili hezillik! Olar bilen oýnalan, dostlaşylan günler, çagalygyň şowhuny indi kämillige sapyp barýar. Agzybirligi, dostlugy, birek-birege goltgy bermegi biz hut mekdep döwründe öwrendik... Ýene-de jaň sesi ýaňlandy. Hem şatlykly, hemem biraz tolgundyryjy. Ýene-de bir ýyldan synpdaşlaryň bilen durmuşyň ak ýoluna gadam basmaly. Kämillik, täze-täze tanyşlar, durmuş ýollary garaşýar öňde. Herimiz bir ýerlerden öz bagtymyzy gözlemeli. Ýöne nirelerde gezsekde, okuwçy döwrümizi, onuň mähribanlygyny hiç unutmarys. Mahal-mahal ak mekdebe salama geleris, okuwçy döwrümiziň gyzykly pursatlaryny — çagalygyň şadyýan günlerini ýatlarys. Çünki ýürek ýatlamalary ynsany juwanlykda ýaşadýar.
TALYP
Şahyr: «Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler belli-belli günler üçin ýaşalýar» diýýär. Megerem, şol günleriň biri talyplyk bagtyna eýe bolan günüňdir...
Uly şäher. Ilkinji özbaşdak durmuş. Öňüňde uly ýol ýaýylyp ýatyr «talyplyk» atly. Bu ýol durmuş şaýoluna çalymdaşdyr, çünki bu onuň başlangyjy. Küt-küt kitaplaryň arasynda ençe gijeler ukusyz geçýändir. Ýöne oňa derek ahyrynda, synagda nesip eden şowlulyk üçin özüňden müň keren razy bolarsyň. Şol gün seniň üçin toýdur, baýramdyr...
Talyplyk — ömrüň aýratyn döwri, durmuş hakynda ilkinji gezek hakyky pikir öwren, ömür öwrümlerine, ençe wakalara şaýat bolan ýyllaryň. Diňe hünär öwrenmek däl, bu ýyllarda, eýsem, öz taýyňy-da gözlärsiň, deň-duşlaryň ençesiniň toýlaryna-da gatnaşarsyň. Ýyllykdaşlaryň, dost-ýarlaryň bilen araňda degişmedir oýun-heneklerem bolar... Hakykatda özüňi jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde duýarsyň. Ýaşlygyň, kämilligiň iň gyzgalaňly, gyzykly ýyllaryny geçersiň.
...Ahyrynda bir yzyňa gararsyň welin, bu ýyllardan nusgalyk sapaklary öwreneniňe haýranlar galarsyň. Şeýdibem, bu aýratyn döwür «talyplyk» ady bilen ömrüň iň bir lezzetli pursady bolup, ýatlamalara siňer gider...
Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby,
“Nesil” gazeti,
01.09.2020ý.