Eý, ylym ojagym, eziz mekdebim...
Çagajyk 6 ýaşady, şeýlelikde, onuň durmuşynda täze eýýam başlandy: şu okuw ýylynda ol mekdebe gitmeli. Mundan onuň özüniňem habary bar. Ejesiniň ýanyna gelýär-de: «Eje, men haçan okuwa gidýän?» diýip soraýar. Ejesi bolsa biraz oýlanýar-da: «Ýene-de kän gezek ýatyp-turanyňdan soň...» diýip jogap berýär. Bu jogap çagany kanagatlandyrýar. Ýogsam ol sanlaryň hemmesini ýa bilýändir, ýa bilýän däldir... O zatlary ol mekdepde indi öwrenmeli ahyry!
Çaganyň ýeke-täk arzuwy bar: ulalmak. Eýsem, mekdebe gitmek ulalmagyň ilkinji alamaty dälmi näme?!
«Mekdep — ikinji öýüň, mugallym — ikinji ata-eneň» diýen sözi häli-şindi eşidip ýöremizsoň, ol adaty bir zada öwrülip gidipdir. Çuňňur pikirlenseň welin...
«Ata-ene çaga terbiýe bermeli, mugallym bolsa ylym öwretmeli» diýmek juda ýalňyşdyr. Çünki ylym hem terbiýe-de çuň umman ýaly... Ummanyň düýbüne ýetmek mümkin. Emma ylymdyr terbiýäniň welin...
Şonuň üçinem adamyň goşa ganaty bolan bu iki närsäni bermek bir adama başartmajagy düşnükli. Bu ugurda mugallym bilen ata-enäniň biri-birine hemaýaty zerur bolsa gerek.
Ençe ýyl bäri mekdebe gatnap, diňe bir mugallymlary, synpdaşlary bilen däl, eýsem, mekdebiň islendik işgäri bilen ysnyşan okuwçy bu ýer bilen hoşlaşmaga taýýarlyk görýär. Ol mekdepden soňky durmuş ýoluna aýak basmaly.
Bu ýagdaý guşuň uçmagy öwrenen gyzyletenesiniň öz başyny çarap biljegine göz ýetirenden soňra, oňa ak pata berşine meňzemeýärmi näme?!
Mugallym: «Bilim beren okuwçymy dünýe baýlygyna çalyşmaryn» diýýär... Okuwçynyň mugallymy öz ikinji ata-enesi hökmünde görşi ýaly, mugallym hem öz okuwçysyny ikinji perzendi hökmünde görýän bolarly...
Aşyr SAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
01.09.2020ý.