Aýdym-saz jadyly dünýä. Şol jadyly dünýäniň howasyndan dem alyp, ajaýyp aýdymlary bilen halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan ýaş, zehinli aýdymçylar diýseň köp. Sebäbi olara hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlemäge, döretmäge, öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan ýaş aýdymçy Meýlis Halbaýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.
— Meýlis, söhbetdeşligimizi aýdym-saz älemindäki ilkinji ädimleriňiz barada berjek gürrüňleriňizden başlaýalyň!
— Sungatyň syrly gujagyndaky ilkinji ädimlerim çagalar bagyna gatnaýan döwürlerime sary alyp gidýär. Sebäbi aýdym-saza şol döwürlerde imrinip başlapdym. Ilkinji aýdan aýdymym hem Watan barada bolupdy. Şol wagtlar agam Serdar Halbaýew Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebinde dutar hünärinden mugallym bolup işleýärdi. Agamyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny diňläp, Mollanepesiň «Ner gezgin» goşgusyna aýdylýan aýdymy öwrendim. Şeýle-de aýdym-saza höweslenmegimde kakamyň orny örän uly. Ol meni ýaşlygymda obamyzda dessançylyk ýolundan aýdym aýdýan Baýram bagşynyň ýanyna şägirt hökmünde gatnatdy. Şondan soň mekdepde geçirilýän medeni çärelerde aýdymlarym bilen çykyş edip başladym. Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebiniň hor bölümini tamamladym. Agam Serdar Halbaýewden, şeýle-de Hydyr Hanowdan halk aýdymlaryny aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrendim.
— Ilkinji döredijilik üstünligiňiz?
1999-njy ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji boldum. Ilkinji döredijilik üstünligim aýdym-saza bolan söýgimi has-da artdyrdy.
Kämilligiň çägi ýok. Öwrendigiňçe öwrenesiň, bildigiňçe bilesiň gelýär. Men diňe aýdym aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, milli saz guralymyz bolan dutar çalmagy hem öwrendim. Halk aýdymlarymyzy täzeçe öwüşginde estrada görnüşinde-de ýerine ýetirýärin. Mundan başga-da, teleýaýlymlarymyzda tomaşaçylara ýetirilýän filmleriň birnäçesinde dürli keşpleri ýerine ýetirdim. Estrada aýdymlary aýtmagy özüme has ýakyn görýärin.
— Meşhurlyk getiren aýdymyňyz haýsy?
— 2014-nji ýylda gözel Awazanyň kenarynda şekile geçirilen «Awaza», «Yşkym», «Söýgi aýdymym», «Hoş gal!» ýaly aýdymlarym diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Muşdaklaryma sowgat etmegi meýilleşdirýän «Gal ýanymda» atly şekilli aýdymym hem ildeşlerimiziň söýgüsine mynasyp bolar diýip umyt edýärin.
— «Ata kesbi ogla halal» diýilýär. Maşgalaňyzda sungat ýoluňyzy dowam etdirjek barmy?
— Üç oglumyz, bir gyzymyz bar. Tüweleme, ogullarymyzyň üçüsem şu wagtdan aýdyma höwesli. Uly oglum Musa akkordeon, pianino saz gurallaryny çalýar. Onuň ýanynda Isa, Muhammedaly, gyzym Hatyja aýdym aýdýarlar. Belki, geljekde tanymal sungat adamsy bolarlar.
— Meýlis, sungat adamsyna ylhamyň gelşi dürli-dürli bolýar. Nämeden ylham alýarsyňyz? Söhbetdeşligimizi ylham çeşmäňiz dogrusynda dowam etdiräýsek?!
— Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli günlerimiziň parahatlygy esasy ylham çeşmämiz bolup durýar. Sebäbi haýsy ýurt parahat, ilaty günlerini toý-baýram bilen garşylaýan bolsa, şol halk iň bagtly halk. Eziz Diýarymyzda bellenip geçilýän şanly baýramçylyklar ylham guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
— Meýlis, söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek buýsançlaryňyzy hem beýan edäýseňiz!
— Bagşynyňky näme, toý bilendä. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hem halkymyzyň toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşsyn! Halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
— Sag boluň, Meýlis! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Sungat äleminde diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Mahmal owazyňyz elmydama belentden ýaňlansyn!
Söhbetdeş bolan Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
03.09.2020ý.