Döwletiň gülläp ösmegi, ilkinji nobatda, bilimiň hem ylmyň ösüşine bagly. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy, ýagny aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-barlag edaralaryna çenli ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar. Turuwbaşdan nygtamaly zadymyz, şularyň ählisinde ýaşlara aýratyn üns, orun berilýär. Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň galkynýan abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly nesliň zehin baýlygy bilen gazanylýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Çünki geljegimiz ylym-bilimli ýaşlara bagly.
Ynha, şulardan ugur alyp, biziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyz hem bilim, ylym edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary bilim-ylma höweslendirmek boýunça birnäçe çäreleri alyp barýar. Şolaryň hatarynda geçirilýän ylmy, ylmy-taslama, zehin, döredijilik bäsleşiklerini, yzygiderli guralýan duşuşyklary nygtap bileris.
Biz hem döwlet Baştutanymyzyň bilim, ylym syýasaty, ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň birnäçesi, has takygy, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Gözel ÇARYÝEWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ýaranmuhammet GURBANOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Altyn ALLABERDIÝEWA, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Batyr ARTYKOW bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeş bolduk.
— Gadyrly talyp ýaşlar! Kämil bilim-terbiýe ylmy çuňňurlygyň gönezligi hasaplanýar. Berk hukuk binýat bolsa jemgyýetiň sagdynlygyna deňelýär. Diýmek, nesillerimiziň düýpli bilim almagynda kämil derejede işlenip düzülen bilim kanunçylygyna uly orun degişli. Şoňa görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty hökmünde bilim, ylym, ýaşlar bilen baglanyşykly kanunçylyk namalaryny taýýarlamaga gönüden-göni gatnaşmak bilen, hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň pikir-garaýyşlaryny öwrenýäris, seljerýäris. Geliň, söhbedimizi şular dogrusynda başlaýalyň!
Gözel ÇARYÝEWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby:
— Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamyny dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk getirmek, halkymyzyň bagtly durmuşy ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan kämil ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda, dogrudanam, degişli ugurlar boýunça hereket edýän, yzygiderli kämilleşdirilýän, döwrebaplaşdyrylýan kanunçylyk namalaryna aýratyn orun degişli. Sebäbi döwür öňe barýar, ylma daýanýan täze-täze tehnologiýalar durmuşymyza işjeň aralaşýar. Şoňa görä, bilim berlişinde hem, terbiýeçilik işlerinde hem düýpli özgertmeleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şol zerurlygy öz wagtynda duýup, hereket edýän degişli kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek bolsa, eýýäm dünýä bilen aýakdaş gitmäge, ýaşlarda has täze bilim-ylym mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýär. Şeýle şertleriň döredilmegi netijesinde häzirki wagtda zehinli ýaşlarymyzyň ençemesi halkara bilim, taslama olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Batyr ARTYKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby:
— Gözeliň belleýşi ýaly, hakykatdanam, kämil hukuk binýat dünýä bilen aýakdaş gitmäge mümkinçilik berýär. Umuman, ýurdumyzyň dürli ugurlaryna degişli kanunçylyk namalarynda ýaşlar meselesine aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglara ýaşlaryň giňden çekilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
— Döwlet Baştutanymyz: «Bilim we zehin, döredijilik gözlegi we çeperçilik meýli ýaly hormata mynasyp bolan gymmatlyklar ösmelidir we halkymyza öz netijelerini bermelidir, milletiň ruhy kuwwatyny ýokarlandyryp, durmuş we ykdysady ösüş üçin täze gorlary döretmelidir» diýip, örän jaýdar belleýär. Dogrudanam, kämil bilimiň esasynda kemala gelen ylmyň miweleri ýaşaýyş-durmuşymyzy has-da gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizi ösdürmäge ýardam etmeli.
Ýaranmuhammet GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby:
— Elbetde, ylmyň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýaşlary ylma höweslendirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklar ýola goýulýar. Sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yzygiderli ýagdaýda okuw maslahatlary, professorlar bilen duşuşyklar geçirilýär. Bu hem eýýäm milli ylmy binýadymyzy dünýä derejesinde pugtalandyrmaga, ýaşaýyş-durmuşymyzyň dürli ugurlary boýunça taýýarlanýan maksatnamalara has ýokary derejede, ýagny ylmy taýdan çemeleşmäge şert döredýär.
Altyn ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby:
— Ýeri gelende belläp geçsek, häzir ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýeti, ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary boýunça amala aşyrylýan işleriň ählisine ylma höwesli ýaşlarymyz gatnaşýarlar. Olar ýurdumyzyň iri ylmy-barlag edaralarynda halypa alymlaryň ýolbaşçylygynda tejribeleri geçirýärler. Muny bolsa köptaraplaýyn bilimli, zehinli, kämil nesilleriň kemala gelýändiginiň netijesi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim, ylym, ýaşlar syýasatynyň miwesi diýip arkaýyn aýdyp bileris.
— Ýerlikli bellediňiz. Şu ýerde ýene-de bir nygtamaly zadymyz bar: halkymyzda «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen ajaýyp pähim bar. Isle bilim ulgamynda bolsun, islede ylym, tapawudy ýok, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna-da aýratyn orun degişli.
Batyr ARTYKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby:
— Hakykatdanam, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Şu ýerde şeýleräk bir parasatly jümläni ýatlasym gelýär: ýeke özüň ýöreseň, menziliňi ýedi aýda geçersiň, halypaň bolsa welin, ýedi günde. Sebäbi halypa seniň indi geçmeli menzilleriňi külterlänsoň, saňa ýolgörkeziji, çelgi bolýar. Meselem, ähli ugurlar boýunça-da talyplar okuw, önümçilik tejribeliklerini halypa hünärmeniň ýolbaşçylygynda geçýärler, ýa bolmasa, ylmy tema işlenende hökman ylmy ýolbaşçyň goldawy zerur bolup durýar. Bu mysaly näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Umuman, ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli şertler döredilen. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
— Gadyrly talyp ýaşlar! Ynha, milli Liderimiziň bilim, ylym syýasaty, ýaşlarymyz üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda pikir alyşdyk, gyzykly gürrüňleri etdik. Biz hem size döwlet Baştutanymyzyň döredip beren şeýle mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, jemgyýetimize gerekli kämil hünärmenler bolup ýetişmegiňizi arzuwlaýarys!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
“Nesil” gazeti,
05.09.2020ý.