Döwletli Diýarda iller bagtyýar

Dana Magtymguly:

Ow­wal-a mal ýag­şy, mal­dan baş ýag­şy, Baş döw­le­tin ta­pan ma­la se­ret­mez... di­ýip­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» atly tä­ze ki­ta­by hal­ky­my­zyň baş döwle­ti bo­lan ag­zy­bir­li­giň, dos­ta­na­ly­gyň, yn­san­per­wer­li­giň ta­ry­hy ýaz­gy­sy­dyr. Aja­ýyp eser­de, il­kin­ji no­bat­da, eziz Wa­ta­nyň was­py ýe­ti­ril­ýär. Toý­ly güýze ga­dam ba­san mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz ýa­kyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gynyň şan­ly baý­ra­my­ny, onuň yzy­sü­re bol­sa he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk to­ýu­ny bel­läp ge­çer. Şu ýa­şa ga­dam ba­san ýur­du­my­zyň ýaşla­ry­nyň tej­ri­be­sin­den biz şu ar­zy­ly ýyl­lar­da maksat tutan işiň ýerine ýetirilmän gal­ma­ja­gy­na, yh­las­la­ryň ýe­ňiş­le­re ýar bol­jak­dy­gy­na dün­ýä ýurt­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne, oýlap-tapyjylaryna, ýaş alym­la­ry­na bäs ediş­ýän ýi­git­le­ri­mi­ziň we gyz­la­rymy­zyň my­sa­lyn­da do­ly göz ýe­tir­ýäris. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ba­şy­ny baş­la­ýan bö­lümin­dä­ki «As­man­dan ar­ka­ly, Ze­min­de zy­nat­ly» mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz hut şeý­le ýaş­lar bi­len hem be­ýik­dir.

Güller atyr ysyny saçmasa beýle arzylanarmydy?! Guşlar saýrak owazlary bilen göwnümizi açmasa, başgada uçýan owadan janly-jandarlardyr mör-möjekler kän ahbetin. Ynsan belent adamkärçiligi bilen tapawutlanmasa, heýde ýagşy-ýamana parh goýlarmydy?! Ak bilen garanyň, ajy bilen süýjiniň parhyna bakan ynsan şol sebäpli-de ýagşylyk atly baky ýaşly daragta akyl göwherinden nem beripdir. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýip ýürek söýgüsini kämilleşdiripdir. Şol sebäpli-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» diýen bölüminde milli Liderimiziň aýratyn nygtaýan ýagşy närseleri: säher-saba dogan parlak Güni, gözelleriň gaşy ýaly gyýlyp duran täze Aýy, barlyga gelenini buşlap, jägildäp dünýäniň gapysyny kakýan bäbegi, bagtyň parasy ýaly täze gelni, mele-myssyk çöregi, halal gazanjyny, gadyr-gymmat bilen berlen toý düwünçegini türkmen ýüzüne sylýandyr. Asyl, türkmeniň göbek ganynyň daman ata ýurduna bolan beýik söýgüsi hem şular bilen bakylyga öwrülýän bolarly.

Ilimizde «Ylym — ýanar çyrag» diýen ýerlikli aýtgy bar. Ylym almak, dünýägaraýşyny artdyrmak bilen her bir ynsan özüniň geljegini gazanýar. Kitapdan dost tutunan adam ýeke galmaýar, durmuş matallarynyň çözgüdini ylym bilen tapýar. Asly dana, okumyş halkymyzyň döreden eserlerinde hem ylym alyp, hünär öwrenmek esasy orny eýeleýär. Ertekilerimizdäki kakasynyň sowalga üçin beren üç tyllasyny ylma sarp edýän oglanyň, Magtymguly akyldaryň bir kitabyny bir guba düýä çalyşýan Welmyrat aganyň keşpleri durmuş hakykatynyň çeper ýazgysydyr. Halkymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan bu milli ýörelgesini hormatly Prezidentimiz «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýen baý mazmunly jümlede jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň «Saglyk — abatlyk» diýen bölüminde şeýle setirler bar: «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr». Bu dürdäne setirler il arasyndaky «Saglyk — baş baýlyk» diýen gadymy aýtgyny ýadyňa salýar. Türkmen maşgalasynyň agzybirligini, baş saglygyny dünýä baýlygyndan ýokary goýýar. Şol sebäpli-de milli tebipçilik ýörelgelerine salgylansak hem tebigat bilen sazlaşykda ýaşan halkymyz üzärlik, sazak, gandym, ýowşan, atgulak, çopantelpek, dagdan ýaly dermanlyk häsiýetli ösümliklerden elmydama ýerlikli peýdalanypdyr. Tebigy melhemler, arassa howa, jana şypaly dury suw, töweregi gurşap alýan bagy-bossanlyk bilen elmydama sazlaşykda ýaşapdyr.

Her bir halkyň baky ýaşamagyna, Ýer ýüzünde öz ornuny tapmagyna itergi berýän uly güýç bar. Ol hem halkyň milli däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda we häsiýetlerinde kök urýar. Türkmene mahsus bolan zähmetsöýerlik, dost-doganlyk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly milli häsiýetler hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halal zähmetiň bagta ýetirýändigi, dostlugyň abadançylygy, rahatlygy berkarar edýändigi, ynsap bilen ýaşamagyň maksatlaryňy myrat tapdyrýandygy, agzybirligiň yranmaz döwlete ýetirýändigi baradaky parasatly hikmetler Magtymguly şahyryň: «Ykbaly oýansa, döwlet ýar bolsa...» diýen setirlerini biygtyýar ýadyňa salýar.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» hem hut şeýle tämiz akabalardan gözbaş alýar. Bu ajaýyp eseriň rowaýatlardyr ertekilere, halk tymsallarydyr aýtgylaryna, dürli çeperçilik serişdelerine baý bolmagy onuň ähmiýetini hasda artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabyny ýüzümize sylyp, dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýäris. Garaşsyzlyk baýramymyzyň barha golaýlaýan günlerinde çapdan çykan bu dürdäne eser halkymyzyň rysgal-döwletiniň dolup-daşýandygynyň taryhy namasydyr.

Ogulbeg JUMAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

08.09.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI