Bagtyýarlyk döwrümiziň biribirinden zyýada gelýän her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Ähli ugurlarda bize görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan günlerimizde halkymyza bahasyz serpaýyny — jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny sowgat etdi. Halkymyzyň milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny açyp görkezýän bu kitap — döwletimiziň berkararlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, nesilleri müňýyllyklaryň mizemez milli ruhunda terbiýelemekde ýol görkeziji, gymmatly çeşmeleriň birine öwrüler.
Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine, asyrlaryň dowamynda bitiren işlerine aýratyn uly hormat goýýar. Olara aýawly garamak, öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek üçin uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň eserleri geçmişiň täsinlikden hem syrdan doly dünýäsine aralaşmaga kömek edýär, her bir maglumat köptaraplaýyn we ylmy taýdan seljerilýär. Hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda nygtaýşy ýaly, biz geçmişimize daýanyp, geljegimizi gurýarys. Şunlukda, milli Liderimiziň täze eseriniň geçmiş bilen şu güni, şu gün bilen geljegi baglanyşdyrýandygyny bellemelidiris. Munuň özi ýaşaýşyň üznüksizligidir we islendik döwrüň beýik gymmatlyklarynyň soňraky döwürleriň berkligi, ajaýyplygy üçin esas bolýandygy baradaky hakykatdyr.
Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda ynsaplylyk, adalatlylyk, agzybirlik, dostluk, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ýaly birnäçe ýörelgelerimiz dogrusynda söhbet edilýär. Bilşimiz ýaly, halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp-dessurlary, edim-gylymlary kemala getiripdir. Olaryň ählisi-de biziň her birimiz üçin ahlak ýörelgeleridir. Şolaryň biri-de myhmansöýerlik edebidir. Parasatly pederlerimiz şol edebiň taglymyny özünde jemleýän «Myhman — ataňdan uly», «Myhmanyň orny törde», «Myhman rysgaly bilen geler», «Myhman az oturar, köp synlar»... ýaly ençeme paýhasly jümleleri döredipdirler.
Bilşimiz ýaly, owal-ahyr myhman almak we myhman bolmak däbi adamlaryň arasyndaky mylakatly gatnaşyklary sazlaşdyrýan möhüm ýol-ýörelge bolupdyr. Türkmenlerde myhmançylyga barylmaýan, gelinmeýän öý-ojak ýokdur. Şu jähetden seredeniňde, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäde myhmansöýer ýurt hökmünde tanalýandygyny aýratyn bellemelidiris. Häzirki wagtda ýurdumyz milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlarynyň arasynda ygtybarly hyzmatdaş döwlet hasap edilýär. Bu bolsa myhmansöýer ýurdumyzyň şan-şöhratynyň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Biziň günlerimiz ösüşlere, buýsançly hem-de hoş habarly wakalara beslenýär. Öz halky hakynda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmekde öz yhlasyny, zehinini, başarnygyny gaýgyrmaýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan işleri synlanyňda döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görmek bolýar. Ýadyma düşýär, mundan birnäçe ýyl ozal ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanyň: «Türkmenistan — bagtly adamlaryň ýaşaýan ýeri. Bu ýerde bagtyýarlygyň, erkinligiň mukamy belentden ýaňlanýar» diýip aýdan buýsançly sözleri henizlerem hakydamdan gidenok.
Milli gymmatlyklarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, adamlaryň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk, myhmansöýerlik gatnaşyklary rowaçlyklara beslenip, hemişe dowamat-dowam bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
“Nesil” gazeti,
10.09.2020ý.