Dil öwrenmegiň adaty kitap-depderli, gönükmeli usulyndan ýadan bolsaňyz, bu gün size täze bir dil öwreniş usulyny hödürleýäris. Elbetde, aramyzda aýdym diňlemegi halamaýanymyz-a ýok bolsa gerek! Şonuň üçin hem aýdym diňleýän pursadyňyzda täze bir dil öwrenmek, megerem, erbet pikir bolmasa gerek. «Emma biz aýdym diňleýän pursadymyzda iňlis dilini näderejede öwrenip bileris?» diýen soragyň aňyňyzda janlanmagy mümkin. Onda aýdym diňlemegi iýmit hökmünde göz öňüne getiriň. Eger-de saglygymyza peýdaly iýmitleri iýmek biziň sagdyn bolmagymyza täsirini ýetirýän bolsa, iňlis dilinde hem gowy aýdymlary diňlemegiň siziň bu dili çalt öwrenmegiňizde juda uly ähmiýeti bardyr. Iňlisçe aýdymlardan öz halaýanyňyzyň adyny «Google»-da ýazyň we yzyna «lyrics» sözüni goşuň! Ynha, indi aýdymyň sözleri kompýuteriňiziň ýa-da telefonyňyzyň ekranynda durandyr. Aýdymy açyň we öwrenmäge başlaberiň!
Dogry aýdym saýlamak
Ozaldan diňläp ýören ýa-da çalaja hiňlenip bilýän iňlisçe aýdymlaryňyzdan başlamak, megerem, iň täsirlisi bolsa gerek. Saýlan aýdymyňyzy halap diňlemegiňiz dil öwrenmegiňizi çaltlaşdyrar we ondan lezzet alarsyňyz. Çem gelen aýdymyň sözlerini internetden alyp «Men şu aýdymy diňläp, sözlerini öwrenjek» diýmeklik siziň höwesiňizi gaçyrar.
Söz baýlygymyzy artdyrmak
Aýdymlaryň sözleri gündelik durmuşda köp ulanylýan sözlerden düzülýär. Şeýle-de aýdymlarda sözler kän gaýtalanýanlygy üçin olar has ýatda galyjy bolýar. Iňlis dili dersinde mugallymyň şol bir sözleri üç-dört ýola gaýtalatmagy içgysgynç görünse-de, aýdymlarda sözler heň bilen gaýtalanýandygy üçin ýadatmaýar. Käte bilmeýän dilimizdäki aýdymlaryň köp gaýtalanýan sözleri hem tiz wagtda aňymyza ornaşýar. Ýaşuly nesillerde hindi aýdymy bolan «Hattuba», ýaşlarda «Despacito» muňa mysal bolup biler. Şeýle-de aýdymlarda bilmeýän sözüňiz duş gelse, ony sözlükden gözläp, manysyny öwrenmekden ýaltanmaň!
Sözleýşimizi ösdürmek
Eger-de siz hem iňlis dili babatynda «Okanymda has gowy düşünýärin, emma diňlänimde hiç düşünip bilemok» diýýänlerden bolsaňyz, onda aýdym diňlemek bu meseläniň iň anyk çözgüdidir. Aýdymlar belli bir çaltlykda aýdylansoň, köplenç, sözleriň ahyrky bogunlary beýleki bir sözüň birinji boguny bilen goşulyp aýdylýar. Şonuň üçin iňlis dilindäki aýdymlary sözlerini okap diňlesek, wagtyň geçmegi bilen muňa gulagymyz öwrenişip, şol ýerde haýsy sözleriň bardygyny doly duýup, manysyna has aýdyň düşünmegi başarýarys. Gürleýiş äheňimiz hem gowulanyp, «Edil iňlisler ýaly gürleýär» diýen öwgä hem mynasyp bolup bileris.
«Karaoke» aýtmak
Ilkibada aýdyma goşup hiňlenmek, soňabaka «karaoke» usulynda — sazy çalnyp durka sözlerini okap, özüňiz aýdyp görmek siziň iňlisçe gürleýşiňizi diýseň ýokarlandyrar. Iňlis dilindäki meşhur aýdymlaryň ençemesiniň «karaoke» wideolary internetde elýeterli. «Karaoke» sözi ýapon dilinden gelip çykyp, «boş orkestr» diýmegi aňladýar.
Gaýtalap durmak
Aýdymlary gaýta-gaýta diňlemegiň bizi ýadatmaýşy ýaly, olary aýtmak hem ýadadanok. Şonuň üçin-de ýatda galan, öwrenen aýdymlaryňyzy wagtal-wagtal «karaoke» usulynda ýa-da aýdymyň özüne goşulyp aýdyp durmak sözleri tiz unutmagyňyzyň öňüni alar.
Şageldi ÝABANOW,
“Nesil” gazeti,
12.09.2020ý.